Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda energetika we beýleki ugurlarda täze taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy
21.02.25 - 16:39Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy fewral aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Aşgabatda IFT 2025 halkara forumynda Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar maslahatlaşylar
20.02.25 - 15:4418-nji martda "Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar" (IFT–2025) atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de «ТМТ Consulting Group» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guralýan forum maýadarlary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirer.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar
20.02.25 - 15:43Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda geçirilen iş duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Türkmenistan III Hazar ykdysady forumynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi
20.02.25 - 15:42Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähran şäherinde geçirilen Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykdy
19.02.25 - 11:1818-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy
19.02.25 - 11:18Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ony ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary Duşenbede energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdylar
18.02.25 - 15:40Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi A.Goçmyradow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Täjigistandaky ilçisi jenap M.S.Sarwaryň duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly Duşenbedäki türkmen diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.
Tähranda III Hazar ykdysady forumy geçirilýär
18.02.25 - 15:4017-nji fewralda Eýranyň paýtagtynda III Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. Ol bäş sany hazarýaka döwletleriniň wekillerini jemledi. AZERTAG agentliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýany, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ulag ulgamyna, söwda guramalaryna, şeýle hem işewürlik ulgamyna wekilçilik edýän wekilleri gatnaşdy.
Birža söwdalarynda Owganystanyň işewürleri awiakerosin, Türkmenistanyň telekeçileri polipropilen aldylar
17.02.25 - 14:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.
Aprel aýynda Aşgabatda hil ülňüleri we şahadatnamalaşdyryş boýunça halkara maslahaty geçiriler
17.02.25 - 13:5929-30-njy aprelde Aşgabatda “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi"atly halkara maslahaty geçiriler. Forum standartlaşdyrmak, önümiň we hyzmatyň hilini üpjün etmek bilen bagly açyk meseleleri ara alyp maslahatlamak üçin döwlet edaralaryň, işewürleriň wekillerini, halkara guramalaryň wekillerini we bilermenleri birleşdirer.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
17.02.25 - 04:1416-njy fewralda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
15.02.25 - 08:4314-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3% boldy
17.02.25 - 07:112025-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji fewralda geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we polipropilen satyn alyndy
14.02.25 - 14:3113-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaryň dowamynda nebithimiýa önümleri, ýeňil senagat önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.
“ÝB – Merkezi Aziýa” Birinji sammiti 3-4-nji aprelde Özbegistanda geçiriler
14.02.25 - 14:28Ýewropa Geňeşiniň ýolbaşçysy Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen “ÝB – Merkezi Aziýa” Birinji sammitine gatnaşmak üçin 3-4-nji aprelde Özbegistana bararlar. Sammit Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçer diýlip, ÝB-niň Daşkentdäki wekiliýetiniň ýaýradan metbugat beýanynda aýdylýar. Bu barada 14-nji fewralda Interfaks habar berýär.