Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
10.07.26 - 14:469-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň talyplary Abu-Dabide tejribe geçýärler
10.07.26 - 11:38Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 1-10-njy iýul aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Halifa uniwersiteti tarapyndan guralan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» bilim maksatnamasynyň çäklerinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
Energetika we ulag ulgamlarynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
09.07.26 - 15:528-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 9-njy mejlisi geçirildi
09.07.26 - 15:568-nji iýulda Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa toparyň türkmen böleginiň başlygy we agzalary, Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Ermenistan Türkmenistan bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär - ilçi
08.07.26 - 13:35Ermenistan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek mümkinçiliklerine uly üns berýär we gaz pudagynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada 7-nji iýulda Ermenistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan Turkmenportal internet neşirine beren interwýusynda mälim etdi.
Goturdepedäki burawçylar täze guýulary ulanyşa girizdiler
07.07.26 - 17:17«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburaw» trestiniň burawçylary ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösmegine uly goşant goşup, ýokary önümçilik netijelerini görkezmegi dowam etdirýärler.
HNGU-nyň mugallymlary Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
07.07.26 - 17:14Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy 28-nji iýundan 7-nji iýula çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Siýan we Çende şäherlerinde ýerleşýän Siýan nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý hünär-tehniki nebit uniwersitetinde hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
07.07.26 - 16:16Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Ikinji Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär
06.07.26 - 15:153-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk meselelerine garady diýip, TDH habar berýär.
«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda «Yonhap» agentliginiň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi
05.07.26 - 15:462026-njy ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklibi goldady
04.07.26 - 11:553-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
03.07.26 - 12:15Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 29-njy iýundan 20-nji iýula çenli Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
“Nebitdag” buraw işleri müdirligi bellenilen meýilnamadan öňde barýar
02.07.26 - 22:17«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirligi 2026-njy ýylyň başyndan bäri meýilnamalaýyn borçnamalary artygy bilen ýerine ýetirýär.
Birža söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we ECO-93 kysymly benzin uly islegden peýdalandy
01.07.26 - 15:39Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
SINOPEC hytaý kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 200 mln dollarlyk nebit çykardy
01.07.26 - 15:44Hytaýyň «SINOPEC» korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 4 ýylyň içinde umumy bahasy takmynan 200 million ABŞ dollaryna barabar bolan 1 million tonnadan gowrak nebit çykardy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.