Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar
05.07.25 - 16:36Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşyp, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýollaryny we özara haryt dolanyşygyny artdyrmagy maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi makullady
05.07.25 - 16:394-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan YHG-nyň 17-nji sammitinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
05.07.25 - 16:41Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) “Durnukly we howanyň üýtgemegine durnukly geljek üçin YHG-nyň täze garaýşy” atly 17-nji sammitine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Iş maslahaty geçirildi
08.07.25 - 04:05«Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasy tarapyndan garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärler bölümleriniň amala aşyrýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň iş tejribesini artdyrmak hem-de degişliligi boýunça wezipeleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda «Halypaçylygyň ösüşine höwes döretmegiň usullary» atly iş maslahaty geçirildi.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
08.07.25 - 04:15Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
04.07.25 - 15:493-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
04.07.25 - 15:48Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
04.07.25 - 15:473-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Stambulda Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri görkezildi
04.07.25 - 04:22Stambulyň sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. 2-nji iýuldan 5-nji iýula çenli dowam etjek bu çäre döwlet Baştutanlarynyň işjeň goldaýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösmeginiň aýdyň beýany boldy diýip, Orient habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
04.07.25 - 04:21Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
02.07.25 - 15:27«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisi bilen bilelikdäki iri taslamalary maslahatlaşdy
01.07.25 - 10:2330-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda eksporta we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
01.07.25 - 10:25Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
01.07.25 - 04:15Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar. Döwrüň ösmegi we tehnologiýanyň üznüksiz kämilleşmegi netijesinde bolsa, tebigaty goramak, energiýa serişdeleriniň zyýanly galyndylaryny aradan aýyrmak, uç-gyraksyz sähralyklaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly wajyp meseleler ýüze çykýar.
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi
01.07.25 - 10:2329-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamdowa doglan gününi gutlap iberen hatynda onuň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi.