Türkmenistan we HHR energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär - DIM
23.07.25 - 05:3721-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda geçirilen duşuşyk türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmen jemgyýetinde zenanlara möhüm orun degişlidir
22.07.25 - 04:20«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümlerinde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Geotermik energiýany ulanmagyň geljegi
22.07.25 - 04:10Türkmenistan möhüm eksport potensialyny üpjün edýän giň tebigy gaz gorlaryna eýedir. Şeýle bolsa-da, global energiýa geçişiniň we milli energiýa balanslaryny diwersifikasiýalaşdyrmak isleginiň çäginde «ýaşyl» energiýa bolan gyzyklanma artýar. Olaryň arasynda geotermik energiýa aýratyn orny eýeleýär. Geotermik energiýa — bu Ýeriň gatlaklarynda emele gelýän we ýygnanýan ýylylykdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizdi
19.07.25 - 13:3618-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjana sapary tamamlandy
19.07.25 - 13:3717-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy parlamentara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
17.07.25 - 15:0716-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdylar
17.07.25 - 15:0316-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana sapary başlandy
17.07.25 - 15:0416-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar diýip, TDH habar berýär.
Hazaryň kenarynda tomusky dynç alyş möwsümi
17.07.25 - 15:01Şu günlerde Balkanabadyň Hazar şäherçesiniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Gara altyn” çagalar sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärleriň çagalary tomusky dynç alşyny geçirýärler.
Pekin we Aşgabat arassa energetika we “akylly şäher” ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
17.07.25 - 15:0116-njy iýulda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň wekiliýeti Pekindäki Tongfang Co., Ltd. öňdebaryjy hytaý kompaniýasynyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda sanly tehnologiýalar, akylly energetika we “akylly şäherler” ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilişi baradaky meseleler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenýärler
15.07.25 - 10:39Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ösdürilýän akademiki alyş-çalşygyň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary häzirki wagtda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde (HNU) okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
15.07.25 - 10:40Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Aşgabatda «Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy
15.07.25 - 10:4014-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
«Ýaşyl» energetika ulgamyndaky ösüşler
15.07.25 - 04:15Türkmenistanyň dünýäde energetika ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak bilen bagly halkara borçnamalaryna ygrarlylygyny görkezmek ugrunda amala aşyrýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Gahryman Arkadagymyz “Awazada” BMG-niň maslahatyna taýýarlygyň ileri tutulýan wezipelerini kesgitledi
15.07.25 - 04:5113-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär.