Türkmenistanyň we Awstriýanyň ilçileri Pakistanda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
13.08.25 - 16:3412-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Awstriýa Respublikasynyň bu ýurtdaky täze ilçisi Wolfgang Oliwer Kuçer bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berilýär.
Yslamabatda TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişini tizleşdirmek meseleleri we beýleki bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy
13.08.25 - 16:3312-nji awgustda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň maliýe we girdejiler boýunça federal ministri, senator Muhammat Aurangzeb bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan we Özbegistan haryt dolanyşygyny 2 milliard dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär
12.08.25 - 20:09Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy soňky ýyllarda birnäçe esse artyp, ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen soňky gepleşikleriň netijesinde, taraplar bu görkezijini 2 mlrd dollara ýetirmek hem-de geljekde 5 mlrd dollara çenli artdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan telekeçiler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar
12.08.25 - 11:51Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
«Ýaşyl» energiýa taslamasy döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ukyplydyr
12.08.25 - 09:20Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmek we peýdalanmak şu günüň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hem alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmaklyga uly üns berlip başlandy.
Şadyýan-bagtyýar, bagtly çagalar
12.08.25 - 09:15Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökdere jülgesindäki «Nesil», «Şöhle» çagalar dynç alyş merkezlerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» DK-nyň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy tarapyndan medeni, sport, döredijilik çäreleri geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
11.08.25 - 18:2610-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Awazadaky maslahatynyň netijelerine ýokary baha berdi
11.08.25 - 18:25Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlady. Bu barada özbek Lideriniň iberen minnetdarlyk hatynda aýdylýar.
Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi – halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim
10.08.25 - 14:19Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji mejlisinde Awaza syýasy Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Ol 2024-2034-nji ýyllar üçin durnukly hem inklýuziw ösüşe gönükdirilendir dirip, Türkmenistan HHP habar berýär.
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi
10.08.25 - 14:188-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
“Awazada” Türkmenistanyň DIM-niň we ÝB-niň wekilleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
09.08.25 - 12:137-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
09.08.25 - 12:117-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar
07.08.25 - 19:416-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Afrika döwletleri energetika, senagat we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri bellediler
07.08.25 - 19:436-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Afrika döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Hazarýaka döwletleri Hazar meselesini çözmek boýunça bilelikdäki tagallalary ylalaşdylar
07.08.25 - 19:44«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen tarapynyň guramagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.