Türkmenistanyň ilçisi Italiýanyň DIM-nde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimleri maslahatlaşdy
05.09.25 - 16:33Italiýayň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekowyň Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025 Awazada geçiriler
05.09.25 - 16:322025-nji ýylda Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny (TIF 2025) geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti çäräniň geçiriljek ýerini üýtgetdi. Forum 18–19-njy sentýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynyň maslahatlar merkezinde geçiriler. Bu barada ORIENT habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
04.09.25 - 11:573-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Bioenergetika — Türkmenistan üçin täze energiýa çeşmesi
04.09.25 - 11:56Häzirki zaman dünýäsinde «ýaşyl» tehnologiýalaryň we galyndysyz önümçilik konsepsiýasynyň has gymmatly bolýan döwründe bioenergetika birinji oruna çykýar. Bioenergetika — organiki galyndylardan energiýany öndürmek usuly. Bu diňe bir özüni elektrik energiýa we ýylylyk bilen üpjün etmegiň usuly bolman, eýsem, ozal «zibil» bolan zady Türkmenistanyň gülläp ösýän geljegi üçin gymmatly çeşmä öwürmek bilen daşky gurşaw meseleleriniň täsirli çözgüdidir.
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Aşgabatdaky halkara foruma çagyrdy
04.09.25 - 11:58Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
03.09.25 - 11:312-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirip, gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow ŞHG ýurtlary bilen ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi
03.09.25 - 11:29Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda ulag ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG ýurtlary bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi
03.09.25 - 11:281-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
«Ýaşyl» ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm ugrudyr
02.09.25 - 09:05Daşky gurşawy goramak babatynda döwlet syýasatynyň strategik maksady ähli ýerde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň we raýatlaryň ýaşaýşy we işi üçin ekologiýa taýdan amatly şertleri üpjün etmek bolup durýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
02.09.25 - 15:4531-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti: Hytaý bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mundan beýläk hem ösdüriler
02.09.25 - 15:46Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk dowam eder we ösdüriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň öň ýanynda “Ženmin Žibao” gazetinde makalasynda beýan etdi.
Nebitgaz toplumynda ýylyň sekiz aýynyň jemlerine garaldy
30.08.25 - 19:02Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerine seredildi
30.08.25 - 16:5929-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
Russiýa we Türkmenistan logistiki we energetiki taslamalary ösdürmegi meýilleşdirýär - Lawrow
30.08.25 - 16:55Russiýa bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda ulag-logistika we energetika taslamalary ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça Interfaks aýtdy.
Raşid Meredow: Aşgabat we Moskwa sebit formatlaryny berkitmek üçin bilelikde ähli tagallalary edýärler
30.08.25 - 16:56Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow metbugat ýygnagynda russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Hazar meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny, olara sebitiň döwletleriniň iň gysga wagtda seredip başlajakdygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.