Daewoo Engineering & Construction Aşgabatda şahamçasyny açdy
15:08 06.11.2023 8858
Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Daewoo Engineering & Construction koreý kompaniýasy 31-nji oktýabrda Aşgabatda şahamçasyny açdy. Bu şahamça Merkezi Aziýada kompaniýanyň işini giňeltmek üçin öňdebaryjy baza öwrüler diýip, kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi.
Çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şol sanda Daewoo Engineering & Construction-nyň ýolbaşçysy Jong Won-Çžu, daşary işler ministri Pak Jin, Türkmenistandaky ilçisi Ji Gýu Tek we Ýewropa işleri boýunça direktory Çhwe Te Ho bar. Türkmen tarapyndan energetika, senagat we gurluşyk işleri boýunça wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow bar.
Şahamçanyň açylyş dabarasynda Jong Won-Çžu şeýle belledi: «Türkmenistanyň we Koreýanyň Hökümetlerine, şeýle hem resmi adamlara Daewoo E&C-nyň şahamçasyny döretmekde goşant goşandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin — bu ýöne bir hususy kompaniýa diýerden uly zat. Bu Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpri».
Daewoo E&C koreý kompaniýasy geçen ýylyň noýabr aýynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi we şol resminamanyň esasynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär. Birinji taslama — Balkan welaýatynda ammiak-karbamid zawodynyň gurluşygy. Ikinji — ýylda 300 000 tonna kuwwaty bolan fosfat dökün öndürýän zawod. Taslamalar Koreýanyň we Ýewropanyň karz edaralarynyň hasabyna çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.
Kompaniýada habar berlişi ýaly, Daewoo E&C-nyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişine gatnaşmagyna hem garaşylýar.
Türkmenistanda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döredildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topary döretmek hakynda karara gol çekdi. Bu resminama döwlet Baştutany geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.
Iş topary Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnama taýýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Hökümet mejlisinde Hazardaky känleri özleşdirmekde maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy
Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.