TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi

TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, şol sanda ýorgan-düşek toplumlary, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah we jinsi matalary, şeýle hem nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 608 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 13 million 25 müň manatlyk “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Nebitgaz №40
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№40

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 6-sy

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993