Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýüpek pagta süýümi, pagta süýümi, nah ýüplük, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, şeýle hem bugdaý uny ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 80 müň dollaryndan gowrak boldy.