162d004ef29c6a.jpeg
Туркмено-китайское сотрудничество направлено на благо дружественных стран
14.07.22 - 21:58

Ввод в строй специалистами филиала Китайской Национальной нефтегазовой корпорации «Internasional Ltd» в Туркменистане (CNPC) новой газосборной станции на газовом месторождении Гадын в Фарапском этрапе древнего Лебапа в год 30-летия установления дипломатических отношений между Туркменистаном и Китайской Народной Республикой стал одним из ярких событий нынешнего года, провозглашенного “Эпохой народа с Аркадагом”.


162d0042454d38.jpeg
Ýokary hilli, geçginli önümler
17.07.22 - 22:21

Garaşsyzlyk ýyllarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, täze önümçilik desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi işleriň netijeliligini has ýokarlandyrmak bilen birlikde, içerki we daşarky bazarlarda ösen islegden peýdalanýan önümleri köp möçberlerde öndürmäge-de amatly şertleri döretdi.


162d004ef29c6a.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy dostlukly döwletleriň bähbidine gönükdirilendir
17.07.22 - 22:23

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gadymy Lebap topragynyň Farap etrabyndaky «Gadyn» gaz käninde «Internasional Ltd» Hytaý milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPCIT) hünärmenleriniň täze gaz ýygnaýjy bekedi işe girizmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.


162bb1175116cf.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
29.06.22 - 00:34

Häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady babatda güýçli depginlerde ösýän döwleti hökmünde ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny artdyrmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli taýýar harytlara öwürmek, iň bir kämil enjamlardyr tilsimatlary önümçilikde netijeli peýdalanmak bilen bu ulgamyň kärhanalarynyň tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrmak, önümçilik düzümlerini ygtybarly döwrebaplaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar.


162b162f62a20b.jpeg
Belent maksatly gazçylar
21.06.22 - 16:19

Şu ýylyň 5 aýyny netijeli jemlän «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän edara-kärhanalaryň arasynda bu halkara ähmiýetli gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasy bolan «Derýalyk» önümçilik edarasy aýratyn orny eýeleýär.


162b16335433ac.jpeg
Ýolöten nebit önümleri kärhanasy online arkaly dabaraly açyldy
21.06.22 - 16:20

Ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky täze gurlup, ulanyşa berilýän Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.


162b16371b60b4.jpeg
Işleriň ilkinji tapgyry tamamlandy
21.06.22 - 16:21

Türkmenabat nebit kärhanasynyň Zerger şahamçasynyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işlere girişilendigi barada gazetimizde ozal habar beripdik. Ýakynda kärhananyň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew bilen habarlaşyp, degişli gurluşyk-gurnama işleriniň barşy bilen gyzyklandyk.


162a82f373fa9f.jpeg
Naýypdaky netijeli işler
14.06.22 - 16:48

«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen bäş aýynda 47,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama 105,8 göterim berjaý edildi. Harytlyk önümiň 46,4 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagyna müdirligiň Naýypdaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynyň agzybir we işine ussat işgärleri has saldamly goşant goşýarlar.


162a82f6c99bea.jpeg
Meniň şäherim — meniň ikinji öýüm
14.06.22 - 16:49

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheri-de bina edilýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň hasabyna öz çägini giňeldip ösýär hem özgerýär. Gazçylar şäheriniň abadançylygynyň üpjün edilip, has gözel keşbe girmeginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar.


1629ee4bec9458.jpeg
Ýene bir guýy önüm berdi
07.06.22 - 15:40

Keremli türkmen topragynyň gymmatly baýlyklaryny ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň, halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň hyzmatynda goýmak ugrundaky işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri ýokary ruhubelentlik we yhlaslylyk bilen gatnaşýarlar. Olaryň golaýda Agarguýy gaz käninde burawlan 5-nji barlag guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.


1629ee4fd39b6d.jpeg
Gaz üpjünçiligi gowulanýar
07.06.22 - 15:41

Täze döreýän ilatly ýerlerde gaz geçirijilerini gurmak işlerini Milli maksatnama laýyklykda, «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary ýokary depgin bilen alyp barýarlar.


1629ee53e8953f.jpeg
Uzynadada iş ýaýbaňlanýar
07.06.22 - 15:42

Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 1972-nji ýylda 4213 metr çuňluga ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy gazylýar. Geçirilen geologiýa-geofiziki barlaglar uglewodorod doýgunly gatlaklary ýüze çykarmansoň, şol guýy petiklenýär. 2015-nji ýylda bu ýerde sebitde iň çuň hasaplanylýan, taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji belgili gözleg-barlag guýusynyň gazuw işine başlandy.


16295e696bce77.jpeg
Türkmenistanyň wodorod energiýa pudagyny döretmek we ösdürmek
31.05.22 - 19:57

«Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» düzülmeginiň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek bolup durýar.


16295e6dd79aaf.jpeg
«Körpejäniň» «mawy ýangyjy» artýar
31.05.22 - 19:58

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.


1628c7b0f6c67a.jpeg
Kiberbäsleşigiň ýeňijileri
24.05.22 - 16:28

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi.