16295e696bce77.jpeg
Türkmenistanyň wodorod energiýa pudagyny döretmek we ösdürmek
31.05.22 - 19:57

«Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» düzülmeginiň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek bolup durýar.


16295e6dd79aaf.jpeg
«Körpejäniň» «mawy ýangyjy» artýar
31.05.22 - 19:58

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.


1628c7b0f6c67a.jpeg
Kiberbäsleşigiň ýeňijileri
24.05.22 - 16:28

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi.


1628c7b43e0295.jpeg
Il alkyşyna mynasyp gazçylar
24.05.22 - 16:29

«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynda aýba-aý iş tabşyryklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginde hem-de tebigy gazy ulanyjylaryň gaz enjamlaryndan ýerlikli peýdalanmagyny gazanmakda edaranyň içeri öý gaz enjamlary gullugynyň işçi-hünärmenleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek bolar.


1628c7ba87656a.jpeg
«Gara altynyň» goşmaça tonnalary
24.05.22 - 16:31

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Muňa geçen hasabat döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bitirilen işler hem şaýatlyk edýär. Has takygy, gürrüňi edilýän dört aýda bu müdirlikleriň zähmet toparlary 26,3 müň tonna derek 42,3 müň tonnadan hem gowrak «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny gazandylar.


16283390bc31c4.jpeg
Möhüm hünäriň eýeleri
17.05.22 - 15:56

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryny ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösüşiniň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynyň hatyrasyna ulanmak arkaly ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Ýerastymetalgoraýyş we hil» gullugynyň Balkanabatdaky bölüminiň hünärmenleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşmagy başarýarlar.


1627a0aea65218.jpeg
Gadamy batly gazçylar
10.05.22 - 16:49

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler ilaty we edara-kärhanalary gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.


1627a0b2957897.jpeg
Üstünlige tarap gaýratly gadamlar
10.05.22 - 16:50

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda şanly ýyly üstünliklere beslemek ugrunda zähmet gaýnap joşýar. Olaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem bar. Maksada okgunly, başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dört aýynda bitiren işleri hakynda guwanç bilen gürrüň edesiň gelýär. Sebäbi bu iri senagat kärhanada çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli harytlyk önümleri öndürmekde gowy netijelere eýe bolunýar.


16270cd6b889d6.jpeg
Döwrüň ruhuna mahsus wezipeler
03.05.22 - 16:36

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar. Gaz hojalygy edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleri tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylyň häzirki günlerinde etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 997 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 336 sanysyna gije-gündiziň dowamynda ýokary derejede gözegçilik edilýär.


16270cd9c9461f.jpeg
Ýerasty gaz saklawhanalary desgalaryny gurmagyň derwaýyslygy
03.05.22 - 16:37

Soňky ýyllarda Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhana desgalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy nygtalýar.


16270cdcaaa178.jpeg
Halypalaryň göreldesi — ýaşlara ýörelge
03.05.22 - 16:38

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň Hanhowuz suw arassalaýjy desgasy geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda baý gaz goruna eýe bolan Şatlyk gaz ýatagynyň özleşdirilip başlanan döwründe işe girizilen kärhanadyr. Ulanmaga berlenine indi elli ýyl bolan bu desga häzirem durnukly, saz işläp, gazçylary arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edýär.


16267958a954e7.jpeg
Önümli guýular işe girizilýär
26.04.22 - 16:47

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan alnyp barylýan işler hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.


1626795d5d09b8.jpeg
Milli maksatnama Türkmenistanyň köptaraplaýyn ösüşiniň wezipelerini jemleýär
26.04.22 - 16:48

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumyna uly ähmiýet berilýär.


16267961178065.jpeg
Gazçylaryň göreldeli işleri
26.04.22 - 16:49

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmenleridir işçileri gazçylar şäheriniň ýaşaýjylaryna hyzmat etmekde tutanýerli işleri alyp barýarlar.


1625e563d7f77b.jpeg
Ruhlary belent, gadamlary batly
19.04.22 - 16:27

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek otuz ýyl üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy.