Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş toparlary netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu toparlar geçen ýyl tutuş konsern boýunça üç ýüz müň tonna golaý «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler.
Bu gazanylan üstünlik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem netijeli işler bilen berkidilýär. Muňa şu ýylyň geçen iki aýynda tutuş trest boýunça 78-e derek 84 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça 7 müň 67 tonna derek 9 müň 709 tonna golaý nebitiň goşmaça alnandygy bolsa aýratyn nygtalmaga mynasyp görkezijidir. Bu üstünlige «Goturdepenebit», «Gumdagnebit» we «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen iki aýda trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 6 müň 145 tonnadan gowragy «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň guýulary düýpli abatlaýyş toparynyň hünärmenleriniň paýyna düşýär.