Ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky täze gurlup, ulanyşa berilýän Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagyndaky Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň ezber gurluşykçylary bu desgada düýpli gurluşyk-abatlaýyş işlerini geçirip, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap nebit önümleri kärhanasyny gurdular. Bu kärhananyň umumy tutýan meýdany 8 gektara deň bolup, onda 14 900 m3 möçberde ýagty nebit önümleriniň we çalgy ýaglarynyň dürli görnüşlerini saklajak jemi 31 sany çanlar gurnalan. Olarda 3800 m3 möçberde A-95, 2200 m3 möçberde A-92, 1800 m3 möçberde A-80, 5100 m3 möçberde dizel, 400 m3 möçberde ECO-93, 400 m3 peç ýangyçlaryny hem-de 400 m3 işlenen ýag we 800 m3 çalgy ýaglaryny saklamak göz öňünde tutulan. Şeýle hem 3 sany estakada, ýagny birbada 10 sany demirýol çeleklerini kabul edip bilýän demirýol estakadasy, 8 sany awtoulagy kabul etmäge niýetlenen ýagty nebit önümlerini guýmak üçin estakada hem-de 2 sany awtoulagy kabul edip bilýän çalgy ýaglaryny guýmaga niýetlenen estakada gurnalan. Mundan başga-da, her biri 1 m3 jemi 2 sany suw gazanlary we 2 m3 1 sany bug gazany gurnaldy.