Belent maksatly gazçylar

Belent maksatly gazçylar

Şu ýylyň 5 aýyny netijeli jemlän «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän edara-kärhanalaryň arasynda bu halkara ähmiýetli gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasy bolan «Derýalyk» önümçilik edarasy aýratyn orny eýeleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylyň ýanwar-maý aýlaryny aýba-aý zähmet üstünliklerine besläň bu edaranyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Döwletabat» gaz käninden gelýän tebigy gazy gaýry himiki düzümlerden arassalap, halkara hil derejesinde daşary bazara çykarmakda-da öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Şonuň üçin hem dünýä bazarynda türkmen gazynyň öz mynasyp ornuny eýelemeginde daşoguzly gazçylaryň saldamly paýy bar. Munuň özi «Derýalyk» önümçilik edarasynyň işgärlerinde egsilmez buýsanç duýgularyny döredýär.

Häzirki döwürde bu ýerde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gaz gysyjy, gaz akdyryjy we hil gözegçiligini amala aşyrýan döwrebap desgalarda ruhubelent zähmet çekýän işçi-hünärmenler daşary bazara çykarylýan tebigy gazyň halkara talaplaryna laýyk bolmagy ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar. Bular barasynda olaryň özünden eşitmek has-da ýakymly.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe