Naýypdaky netijeli işler

Naýypdaky netijeli işler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde üstümizdäki ýylyň geçen bäş aýynda 47,3 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu baradaky meýilnama 105,8 göterim berjaý edildi. Harytlyk önümiň 46,4 müň tonnadan gowragy bolsa eksporta ugradyldy. Şeýle guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagyna müdirligiň Naýypdaky suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalar toplumynyň agzybir we işine ussat işgärleri has saldamly goşant goşýarlar.

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek meselelerine ýakyndan üns berýär we jogapkärli wezipeleri öňde goýýar. Biz şol belent wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky ählihalk hereketiniň öň hatarlarynda bolmagy baş maksadymyz hasaplaýarys. Munuň üçin kämil önümçilik desgalarymyzyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarys. Aýma-aý gazanýan ýokary netijelerimiz bilelikde edýän tagallalarymyzyň ýerine düşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär — diýip, öňdebaryjy toplumyň ýolbaşçysy Atageldi Kurbaniýazow alyp barýan gündelik işleri, gazanýan gowy görkezijileri barada höwes bilen gürrüň berýär.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe