Uzynadada iş ýaýbaňlanýar

Uzynadada iş ýaýbaňlanýar

Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 1972-nji ýylda 4213 metr çuňluga ilkinji geologiýa gözleg-barlag guýusy gazylýar. Geçirilen geologiýa-geofiziki barlaglar uglewodorod doýgunly gatlaklary ýüze çykarmansoň, şol guýy petiklenýär. 2015-nji ýylda bu ýerde sebitde iň çuň hasaplanylýan, taslama çuňlugy 7150 metr bolan 7-nji belgili gözleg-barlag guýusynyň gazuw işine başlandy. Burawlaýyş işi 2017-nji ýylda üstünlikli tamamlanyp, 6689 — 6695 metr aralykdan bir gije-gündiziň dowamynda 504 müň kubmetr gaz we 230 tonna kondensat akymy alyndy. Soňra l-nji we 17-nji belgili guýularda geçirilen gazuw işleri-de üstünlikli tamamlanyp, türkmen alymlarynyň we geologlarynyň çaklamasynyň dogrudygyny tassyklady.

Häzirki wagtda Uzynada meýdançasynda birnäçe guýy işläp, aşaky gyzyl reňk gatlakdan gaz we kondensat alynýar. Meýdançanyň nebitgazlylygyny düýpli öwrenmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň müdirlikleri tarapyndan öndürijilikli iş alnyp barylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri we Ekerem buraw işleri müdirlikleri tarapyndan üstümizdäki ýylda ulanylyşa girizilmeli iki sany baha beriş-ulanyş guýulary burawlanylýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleýiş» müdirligi tarapyndan bolsa ikisi şu ýyl, biri 2023-nji ýylda ulanylyşa girizilmeli üç sany gözleg-barlag guýularynyň gazuw işi alnyp barylýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe