Ýene bir guýy önüm berdi

Ýene bir guýy önüm berdi

Keremli türkmen topragynyň gymmatly baýlyklaryny ýurdumyzyň bedew batly ösüşiniň, halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň hyzmatynda goýmak ugrundaky işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri ýokary ruhubelentlik we yhlaslylyk bilen gatnaşýarlar. Olaryň golaýda Agarguýy gaz käninde burawlan 5-nji barlag guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Ekspedisiýanyň tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetkulyýew hem-de Döwlet Babakulyýew tarapyndan baştutanlyk edilýän burawlaýjylar toparlarynyň agzalary bu möhüm buýurmany bellenilen möhletinde, ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler.

— Biz öňki ýyllarda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şeýle möhüm işleri abraý bilen ýerine ýetirdik. Bu buýurmany berjaý etmäge hem jogapkärli çemeleşdik. Uly üstünlikde toparlarymyzyň her bir işgäriniň mynasyp zähmet paýy bar. Taslama çuňlugy 3,3 müň metre barabar bolan guýudan gymmatly önümiň senagat akymynyň alynmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň uglewodorod serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli berjaý etmäge saldamly goşandymyzdyr — diýip, buraw ussasy Işanguly Mämmetkulyýew guwanç bilen nygtaýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe