«Körpejäniň» «mawy ýangyjy» artýar

«Körpejäniň» «mawy ýangyjy» artýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 6-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bitirilen işlere mynasyp baha bermek bilen, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginde alnyp barylýan işler hem öwgä mynasypdyr.

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän bu müdirlik konserniň düzümindäki köp sanly kärhanalaryň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen hasabat döwründe müdirligiň hünärmenleri tarapyndan hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 1 milliard 52 million kubmetrden hem köp bolup, bu baradaky meýilnama 121,5 göterim amal edildi. Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýataklarynda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak bilen meşgullanýan bu müdirlikde gürrüňi edilýän döwürde 15 müň 340 tonna gaz kondensatyny çykarmak baradaky meýilnamanyň 3 müň 621 tonna barabar artygy bilen berjaý edilendigini hem aýratyn nygtamak gerek.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe