Türkmenistanyň wodorod energiýa pudagyny döretmek we ösdürmek

Türkmenistanyň wodorod energiýa pudagyny döretmek we ösdürmek

«Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022 — 2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» düzülmeginiň esasy maksady pes uglerodly energiýany we wodorod ýangyjyny ösdürmek bolup durýar. Bu baradaky edilýän uly işler halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekden ybarat bolup, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda ösýän we eksporta gönükdirilen wodorod energiýa pudagynyň emele gelmegine, halk hojalygynda goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň agyr senagatynyň «ýaşyl» ykdysadyýete geçmegine, onuň dekarbonizasiýalaşmagynyň tizleşdirilmegine hem-de uglerod bitaraplygy boýunça degişli ugurlara ymtylmagy öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girmäge şert döredýär.

Hormatly Prezidentimiz «Ýol kartasynyň» esasynda tebigy gazy tygşytly we ýokary netijeli ulanmaklygy, dekarbonizirlemegi, wodorod energetikasyna geçmek üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli işleri alyp barmaklygy tabşyrdy. Häzirki wagtda tebigy gazy çykarmagy, ony arassalamagy we gaýtadan işlemegi ekologiýa talaplaryna gabat getirmeli, ýagny azot dioksidini, kömürturşy gazyny, kükürt dioksidini we beýleki uçujy organiki birleşmeleri azaltmak üçin döwletimiz tarapyndan tebigy gazdan wodorod önümçiligini bellenen ýyllarda döretmek göz öňünde tutulýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe