«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Muňa geçen hasabat döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bitirilen işler hem şaýatlyk edýär. Has takygy, gürrüňi edilýän dört aýda bu müdirlikleriň zähmet toparlary 26,3 müň tonna derek 42,3 müň tonnadan hem gowrak «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny gazandylar. Şonuň ýaly-da, geçen hasabat döwründe tutuş trest boýunça 219 sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri üstünlikli amala aşyrylyp, olaryň 175-si önümçilikçilere tabşyryldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 30 sany guýynyň artykdygyny aňladýar. Geçen döwür içinde gazanylan bu ajaýyp üstünliklere Gamyşlyja, Barsagelmez, Goturdepe guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşdular. Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň 2 müň tonnadan hem gowrak «gara altynyň» goşmaça alynmagyny üpjün edendiklerini bolsa aýratyn nygtamak gerek.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylyny oňat netijelere beslemek üçin şu günler has-da tagallaly zähmet çekýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, nebitgaz ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň gündelik we geljek döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmäge aýgytly täsirini ýetirýär. Konsern öz düzüminde esasy we ýardam beriji kärhanalaryň onlarçasyny jemlemek bilen, nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-agtaryş we ulanyş burawlaýşyny, ýangyç geçirijilerini, nebitgaz önümçiliklerini, gaz gysyjy desgalaryny hem-de gaz bölüji abzallaryny gurmak, oturtmak we abadanlaşdyrmak, guýularda ýerasty we düýpli abatlaýyş ýaly işleriň onlarçasyny talabalaýyk ýola goýmak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy başarýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe