Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kärhanalarynda şanly ýyly üstünliklere beslemek ugrunda zähmet gaýnap joşýar. Olaryň hatarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem bar. Maksada okgunly, başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dört aýynda bitiren işleri hakynda guwanç bilen gürrüň edesiň gelýär. Sebäbi bu iri senagat kärhanada çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli harytlyk önümleri öndürmekde gowy netijelere eýe bolunýar.
— Işlerimiziň düýpli ilerlemeginde önümçiligiň çig mallar bilen üpjün edilişi möhüm orny eýeleýär. Bu babatda soňky ýyllarda oňyn özgerişlikler bolup geçdi. Öz tarapymyzdan bolsa çylşyrymly önümçilik desgalarynyň sazlaşykly işledilmegi, şonuň netijesinde ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy üpjün edilýär — diýip, zawodyň baş ykdysatçysy Reýimguly Orazow gürrüň berýär.