«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler ilaty we edara-kärhanalary gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän nusgalyk işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Edaranyň gazçylary häzirki döwürde etrabyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, meýilnama esasynda öň bar bolan gaz geçirijileriň kuwwatyny artdyrmak we zerur ýerlerini abatlamak ugrunda hem möhüm işleri durmuşa geçirýärler. Bu işlerde aýratyn hem edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde ýerine ýetirýän işleri maksada okgunlylygy bilen häsiýetlidir. Bu ugurda şu ýylyň deslapky dört aýynyň dowamynda etrabyň dolandyryş merkezi bolan Gurbansoltan eje şäheriniň Diýar köçesiniň ugrunda ýerleşýän hem-de Ak altyn geňeşliginiň Täze ýol, Gamyşly obalaryndaky göwrüminiň ululygy 219 millimetre barabar bolan gaz geçirijileri düýpli abatlap, geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilen işler geljekde ýerli ýaşaýjylaryň gymmatly «mawy ýangyja» bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu babatda gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri Allamyrat Ysmaýylow bilen başlanan söhbetdeşligimiziň dowamy häzirki wagtda edaranyň gazçylarynyň alyp barýan wajyp işleri baradaky gürrüňlere ulaşyp gitdi.