Halypalaryň göreldesi — ýaşlara ýörelge

Halypalaryň göreldesi — ýaşlara ýörelge

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň Hanhowuz suw arassalaýjy desgasy geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda baý gaz goruna eýe bolan Şatlyk gaz ýatagynyň özleşdirilip başlanan döwründe işe girizilen kärhanadyr. Ulanmaga berlenine indi elli ýyl bolan bu desga häzirem durnukly, saz işläp, gazçylary arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edýär.

Häzir bu desga «Marygazçykaryş» müdirliginiň Günbatar Şatlyk, Gündogar Şatlyk gaz känleriniň desgalaryny, olaryň gaz guýularyny, şeýle hem Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasyny arassa suw bilen üpjün edýär. Umumy uzynlygy elli dört müň sekiz ýüz metr bolan suw geçiriji arkaly her gije-gündizde sarp edijilere otuz dört müň kubmetr arassa suw ugradylýar.

Exclusive Subscriber Only Content

In order to read the article

Subscribe