ARKADAGYŇ BAGT ŞÄHERI, AŞGABAT
30.04.21 - 16:23Bu gün ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri halkymyzyň baş şäherimize buýsanjyny has-da artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar.
Nusgalyk şäher
29.04.21 - 20:30Häzirki ösen döwürde paýtagt derejesindäki şäherler döwletiň geçmişini, şu gününi we geljegini, ösüşini, ýaşaýyş derejesini açyp görkezýär. Öz döreýşi boýunça her bir paýtagt şäheriň özboluşly aýratynlyklary bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň döreýşi türkmen halkynyň ruhy we milli galkynyşy bilen baglanyşyklydyr.
Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat
28.04.21 - 16:40Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň dabaralanýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Arkadagly Diýarymyz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda dur. Bu gün baş şäherimiziň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzyň töründe buýsandyryjy duýgulary oýarýar.
Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
26.04.21 - 20:33Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.
Tebigy gazyň eşreti
30.03.21 - 17:09«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl uly dabara bilen belleniljek 30 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmak üçin döredijilikli hem gözlegli zähmet çekýärler. Häzirki günlerde gazanylýan ýokary önümçilik görkezijileri müdirligiň gazçylaryna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýokary sepgitleri eýelemeklige şert döredýär.
Önümleriň görnüşleri artdyrylýar
30.03.21 - 17:17Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagat kärhanalary Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerinde ýerleşýär. Günbatar we Merkezi Türkmenistanda çykarylýan nebit Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işlenilýär.
Suwuklandyrylan gazdan netijeli peýdalanylýar
30.03.21 - 20:27«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynyň ýaşaýjylaryny we Garagum sährasynyň jümmüşindäki obalaryň ilatyny suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň gaz dolduryjy bekediniň işçi-hünärmenleriniň şu günler ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary bilen agzybirlikde durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Ojakdan gözbaş alyp...
30.03.21 - 20:29Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, uç-gyraksyz Garagum. Onuň asty hem, üsti hem durşuna genji-hazyna. Baryp-ha geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda Demirgazyk — Gündogar Garagumda ýerasty baýlygyň — «mawy ýangyjyň» köp mukdardaky gorunyň bardygy anyklanylýar.
Maksat — ösüşlere goşant goşmak
09.03.21 - 15:11Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ruhubelentlik bilen goşant goşýanlaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň we janypkeş işgärleri hem bar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllar rowaçlyklara, düýpli ösüşlere beslenýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
01.02.21 - 14:43Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.