BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energetika ulgamynda kararnama kabul etdi
22.12.23 - 08:2019-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" kararnamany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran konwensiýasynyň çäklerindäki taslamalary taýýarlamak baradaky mejlise gatnaşdy
21.12.23 - 13:2818-19-njy dekabrda Baku şäherinde, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak üçin Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasy) Sekretariatynyň gurnalyşy boýunça resminamalaryň taýýarlanyşyny ara alyp maslahatlaşýan Ýörite bilermenler toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Tokioda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
21.12.23 - 13:27Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky ykdysady wekiliýetiň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
«Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetiniň mejlisinde nebitgaz, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
21.12.23 - 13:26Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri telefon arkaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
20.12.23 - 10:47Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri daşarky we içerki bazara ýerlenildi
19.12.23 - 10:43Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdy
18.12.23 - 17:2316-17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Prezident tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmegiň zerurlygyny nygtady
18.12.23 - 17:2216-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan giň gerimli nebitgaz taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär
16.12.23 - 10:36Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny gazanmagy, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de onuň halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny ugur edinýän giň gerimli nebitgaz taslamalary amala aşyrylýar.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi
15.12.23 - 10:4914-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Çärä ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Aşgabatda täze AÝGB işe girizildi
16.12.23 - 09:12Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen.
Türkmenistanyň Prezidenti: Biziň Bitaraplygymyz — parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämiz
13.12.23 - 14:43Sişenbe güni, 12-nji dekabrda türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belläp geçdi.
Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy
11.12.23 - 15:469-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Birža söwdalarynda daşarky bazara ЕСО-93 awtobenzini, içerki bazara polipropilen satyldy
11.12.23 - 14:36Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.