Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
06.01.24 - 08:11Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
06.01.24 - 08:10Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we nebit bitumy geleşikleriň özenini düzdi
04.01.24 - 09:49Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
«Lebapgazçykaryş» müdirligi ýyllyk meýilnamasyny 11 aýda ýerine ýetirdi
03.01.24 - 09:41«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalaryny bellenilen möhletinden bir aýdan gowrak öň ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygary tassyklanyldy: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
02.01.24 - 10:0529-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň adyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
01.01.24 - 06:58Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan biz täze — 2024-nji ýyly garşylarys.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
29.12.23 - 11:01Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda gazanan üstünlikleri halkara guramalary tarapyndan bellenildi
28.12.23 - 11:0727-nji dekabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň 2023-nji ýylda gazanan esasy üstünlikleri bellenilip geçildi. Olaryň birnäçesi halkara guramalary tarapyndan şahadatnamalar bilen bellenildi. Bu şahadatnamalar maslahatyň bölümçelerinde gowşuryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
27.12.23 - 18:4226-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Dragon Oil kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy
27.12.23 - 11:33Dragon Oil kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy. Dabara kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Ali Raşid Al Jarwan we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow gatnaşdy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça birnäçe iri halkara forumlar geçiriler
27.12.23 - 11:33Ýetip gelýän 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna täze maýa goýumlaryny çekmeklige gönükdirilen birnäçe iri halkara çäreleri geçiriler.
Birža söwdalarynda polipropilen, binýatlyk ýag we dizel ýangyjy ýerlenildi
26.12.23 - 10:08Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti: nebiti gaýtadan işleýän zawodlary doly taslama kuwwatynda işletmek zerur
25.12.23 - 12:13Prezident Serdar Berdimuhamedow 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.
Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri Täze ýyly batly gadamlar bilen garşylaýarlar
23.12.23 - 15:50Täze ýyl - şu güni we geljegi, gazanylan üstünlikleri we täze meýilnamalary birleşdirýän baýramçylyk. Taryhyň gatyna girýän 2023-nji ýyl ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri üçin nähili ýyl boldy diýlip soralsa, onuň batly gadamlarynyň we baý mazmunynyň ulu üstünlikleri ugur edinip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan uly wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirilendigini ynamly aýtmak bolar.
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça energetika ulgamynda kararnama kabul etdi
22.12.23 - 08:2019-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" kararnamany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.