Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy
04.12.23 - 10:40Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy
01.12.23 - 16:48Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy aýtdy diýip, TDH habar berýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär
01.12.23 - 16:42Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti COP 28 forumyna gatnaşmak üçin Dubaýa bardy
01.12.23 - 16:41Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.
Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösüşini bellediler
30.11.23 - 11:51Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde energetika we ulag hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy
30.11.23 - 11:50Energetika we ulag ulgamlary çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Halkara giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär
29.11.23 - 13:00Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy, iri taslamalary amala aşyrmak döwletiň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iri halkara forumlarynda, ýokary derejeli duşuşyklarda, hökümetara toparlarynyň mejlislerinde edýän çykyşlary, olaryň çäklerinde gol çekilýän resminamalar we ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu wakalaryň hemmesi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdelerinde öz beýanyny tapýar. Şu ýylyň noýabrynyň başyndan bäri bolup geçen şeýle wakalary ýatlap geçmegi makul bildik.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň mejlisinde nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde ylalaşyk gazanyldy
29.11.23 - 15:2828-nji noýabrda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
29.11.23 - 15:27Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda ýangyç mazudy daşary ýurt puluna satyn alnan harytlaryň özenini düzdi
28.11.23 - 11:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ekologiýa meselesini maslahatlaşdy
28.11.23 - 09:04Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
COP-28 maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder
27.11.23 - 09:1830-njy noýabrdan 12-nji dekabr aralygynda BAE-de Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eder.
Prezident: «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmeli
27.11.23 - 09:16Geçen anna güni, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler, başga-da birnäçe meseleler girizildi.
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisinde nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar
27.11.23 - 09:1729-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleriara alnyp maslahatlaşylar.
Uzynada käniniň täze guýularyndan gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy
24.11.23 - 11:34«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary ýurdumyzyň şanly wakalaryna — Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.