Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň jemlerini jemledi we şu ýyl üçin meýilnamalary kesgitledi
10.02.24 - 07:31Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde kanagatlanma bilen aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
09.02.24 - 06:47Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasy günbatar sebitde agyz suwunyň ätiýaçlyklaryny artdyrýar
09.02.24 - 04:31“Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasynyň zähmet toparlary düýpli goşant goşýarlar.
Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler
08.02.24 - 16:14Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýar
08.02.24 - 07:33Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde dostlukly ýurduň Liderine türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy
08.02.24 - 07:32Gurluşyk we binagärlik ministrligine şol binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
“Türkmennenbit” we Dragon Oil nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
06.02.24 - 15:57“Türkmennebit” döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Polipropilen, binýatlyk ýag we dizel ýangyjy birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy
06.02.24 - 11:52Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
1-nji tapgyr
06.02.24 - 07:28Aklar başlaýar we utýar
Dana şahyryň hormatyna
06.02.24 - 07:22«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ähli mekan — zamanlaryň çyn hakyky raýaty, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
“Türkmengaz” DK Gyrgyz Respublikasyna ynsanperwer kömek hökmünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gaz iberdi
05.02.24 - 14:44Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde bu ýurda iberildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da aprel aýynda halkara derejeli çäreler geçiriler
05.02.24 - 14:44Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara derejeli çäreleriň birnäçesi geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynda halkara ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşyklary giňeltmegi tabşyrdy
03.02.24 - 11:11Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana muzdsuz esasda 2 müň tonna suwuklandyrylan gaz ibermegi tabşyrdy
03.02.24 - 11:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynda energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, “Türkmengaz” döwlet konsernine 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz ibermegi tabşyrdy. Degişli Buýruk Türkmenistanyň metbugatynda çap edildi.
BOTAŞ kompaniýasy türkmen gazyny türk we dünýä bazaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýär
02.02.24 - 14:15BOTAŞ türk döwlet energetika kompaniýasynyň wekiliýeti türkmen gazyny Türkiýä ibermek meseleleri boýunça ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz konsernleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ygtybarly gatnaşyklar bellenilip geçildi, şeýle hem iki ýurduň Liderleriniň syýasy erkine laýyklykda, türkmen gazyny Türkiýä ibermekde BOTAŞ kompaniýasynyň taýýarlygy nygtaldy diýlip, kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär. Bu barada Daily Sabah neşiri habar berýär.