2024-nji ýylda ilkinji bäbek Arkadag şäherinde dünýä indi
08.01.24 - 15:11“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda badalga alan 2024-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly habarlarynyň biri hem täze ýylyň ilkinji bäbeginiň dünýä inmegi boldy. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.
“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” trestine täze tehnikalaryň nobatdaky tapgyry geldi
08.01.24 - 11:44“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşen “Nebitgazçykaryş” trestiniň tehnoparky ýakynda HHR-de öndürilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň 30 sanysy bilen ýetirildi. Trestiň nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «TY 160G» kysymly täze buldozerleri uly minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Bu tehnikalar ýokary talaplara laýyklykda, giň gerimli işleri durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir.
“Türkmengaz” DK we ADNOC kompaniýasy ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
06.01.24 - 10:56«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
06.01.24 - 10:544-5-nji ýanwarda BAE iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşyk tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
BMG-niň saýtynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energetika we ulag boýunça kararnamalar çap edildi
06.01.24 - 08:12BMG-niň saýtynda 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama çap edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-de döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
06.01.24 - 08:11Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça birnäçe gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
06.01.24 - 08:10Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we nebit bitumy geleşikleriň özenini düzdi
04.01.24 - 09:49Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
«Lebapgazçykaryş» müdirligi ýyllyk meýilnamasyny 11 aýda ýerine ýetirdi
03.01.24 - 09:41«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalaryny bellenilen möhletinden bir aýdan gowrak öň ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygary tassyklanyldy: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
02.01.24 - 10:0529-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň adyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
01.01.24 - 06:58Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan biz täze — 2024-nji ýyly garşylarys.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistanyň Prezidenti döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
29.12.23 - 11:01Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda gazanan üstünlikleri halkara guramalary tarapyndan bellenildi
28.12.23 - 11:0727-nji dekabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň 2023-nji ýylda gazanan esasy üstünlikleri bellenilip geçildi. Olaryň birnäçesi halkara guramalary tarapyndan şahadatnamalar bilen bellenildi. Bu şahadatnamalar maslahatyň bölümçelerinde gowşuryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
27.12.23 - 18:4226-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça birnäçe iri halkara forumlar geçiriler
27.12.23 - 11:33Ýetip gelýän 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna täze maýa goýumlaryny çekmeklige gönükdirilen birnäçe iri halkara çäreleri geçiriler.