Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Dubaýda elektroenergetika we nebit senagaty ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14.02.24 - 04:46Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň BAE-niň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşenbe güni geçiren duşuşyklarynda elektroenergetika we nebit ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi
14.02.24 - 04:47Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanda 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy
12.02.24 - 12:442024-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu görkezijiler Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda tassyklanyldy. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Türkmenistanyň wekilleri “Merkezi Aziýa+ABŞ” kritiki minerallar boýunça Dialoga gatnaşdy
12.02.24 - 12:43Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň, "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Waşington şäherinde "Merkezi Aziýa+ABŞ" görnüşinde kritiki minerallar boýunça ilkinji dialoga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň 2023-nji ýylda işiniň netijelerine garaldy
12.02.24 - 04:14Anna güni, 9-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň jemlerini jemledi we şu ýyl üçin meýilnamalary kesgitledi
10.02.24 - 07:31Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde 2023-nji ýylda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde kanagatlanma bilen aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
09.02.24 - 06:47Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasy günbatar sebitde agyz suwunyň ätiýaçlyklaryny artdyrýar
09.02.24 - 04:31“Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasynyň zähmet toparlary düýpli goşant goşýarlar.
Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler
08.02.24 - 16:14Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda zerur bolan ýagdaýynda, ähli kömegi bermäge taýýar
08.02.24 - 07:33Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde dostlukly ýurduň Liderine türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy
08.02.24 - 07:32Gurluşyk we binagärlik ministrligine şol binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
“Türkmennenbit” we Dragon Oil nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
06.02.24 - 15:57“Türkmennebit” döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Polipropilen, binýatlyk ýag we dizel ýangyjy birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy
06.02.24 - 11:52Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Dana şahyryň hormatyna
06.02.24 - 07:22«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ähli mekan — zamanlaryň çyn hakyky raýaty, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
1-nji tapgyr
06.02.24 - 07:28Aklar başlaýar we utýar