Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara nebitgaz toplumynyň harytlary ýerlenildi
06.03.24 - 17:15Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
DIM-de Owganystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň netijeleri maslahatlaşyldy
06.03.24 - 17:145-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Söwda we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana gelen wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
06.03.24 - 17:145-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
3-nji TAPGYR
06.03.24 - 06:21Aklar başlaýar we utýar.
Serdar Berdimuhamedow Şahbaz Şarifi Pakistanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
05.03.24 - 12:03Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi
05.03.24 - 12:034-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.
Aşgabat owgan harytlarynyň sergisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatynyň geçirilýän merkezine öwrüldi
05.03.24 - 12:04Duşenbe güni, 4-nji martda türkmen paýtagtynda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi.
Türkmen tebigy gazyny swap usuly arkaly Türkiýä eksport etmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
04.03.24 - 10:59Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny “swap” usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Türkmenistan we Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler
04.03.24 - 10:59Türkmenistan we Türkiýe gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekdiler diýip, ýurdumyzyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Nebitgaz toplumynda ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
03.03.24 - 16:593-nji martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň iki aýda işiniň netijelerine garaldy
02.03.24 - 11:381-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
01.03.24 - 09:42Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen ugrady,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady
01.03.24 - 09:40Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Nebitiň bahalary durnukly ýagdaýda
01.03.24 - 09:40Geçen hepdede ýokary galyp, aşak düşmelerden soň, penşenbe güni söwdalaryň barşynda nebit durnukly bahasyny saklap galýar.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
29.02.24 - 11:43Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, şeýle-de Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ylmy-amaly maslahat we sergi guraldy.