Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
29.04.24 - 11:22Ýekşenbe güni, 28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan esasy baýramçylyk çärelerine gatnaşdy. Şanly sene mynasybetli ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bu ajaýyp baýramyň hormatly myhmany boldy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt we ýerli kärhanalar nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn aldylar
29.04.24 - 11:21Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen RF-niň Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
29.04.24 - 11:19Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
TEIF 2024 Halkara forumyna gatnaşyjy bilen söhbetdeşlik
30.04.24 - 10:31Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Parižde geçirilen halkara göçme forum (TEIF 2024) barada täsirleri, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň işi barada Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ygtyýarnama direktory Rikard Wanbi paýlaşdy.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär
26.04.24 - 12:1424-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 25-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Parižde TEIF 2024 halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady
25.04.24 - 17:07Şu gün, 25-nji aprelde Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň (TEIF 2024) ikinji – jemleýji güni öz işini tamamlady.
TEIF 2024 Halkara forumyna gatnaşyjy bilen söhbetdeşlik
01.05.24 - 06:32Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy üstünlikli geçirildi. Forumyň geçişi barada özünde galdyran täsirler bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady bölüminiň ýolbaşçysy Edward Braýen paýlaşdy.
Türkmenistan TOPH energetika taslamasyny halkara hukugyna pugta eýerip öňe sürýär
25.04.24 - 16:58Türkmenistan Günorta Aziýa her ýylda 33 milliard kub metr gaz iberjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynda düýpli öňegidişlik gazandy diýip, TAPI Pipeline Company Ltd kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow şu günlerde Parižde geçirilýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda çykyşynda belledi (TEIF 2024).
TOPH taslamasy, “Galkynyş” käni we Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň beýleki ugurlary – TEIF 2024 forumynyň üns merkezinde
25.04.24 - 10:11Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çarşenbe güni öz işine başlan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berdi.
Türkmenistan halkara maýadarlaryna ýangyç-energetika toplumynda birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrýar
25.04.24 - 06:57Parižde badalga alan forumyň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi 24-nji aprelde forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.
Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady
25.04.24 - 06:4124-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady. Foruma 300-e golaý wekil gatnaşýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Turkmen Forum” we GaffneyCline britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
24.04.24 - 03:58Sizi Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynyň bahar paslynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin Fransiýa Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirýärin.
Ertir Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumy öz işine başlar
23.04.24 - 01:00Ertir, 24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF — 2024) öz işine başlar. TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, «Turkmen Forum» we «GaffneyCline» kompaniýalary hyzmatdaşlykda çykyş eder.
Tebigaty söýüjiler gözelligiň goragynda
23.04.24 - 05:13Golaýda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda «Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!» diýen at bilen usuly-okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guran çäresine welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, Köýtendag etrabynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Energetika diplomatiýasynyň esaslary we energiýa serişdeleri»
23.04.24 - 05:16Ýakynda şeýle at bilen täze kitap okyjylar köpçüligine we talyplara okuw gollanmasy hökmünde gowuşdy. Bu kitap nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly sowgat boldy.