Kuala-Lumpurda TEIF 2025 forumy Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezdi
25.04.25 - 09:362025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy TEIF 2025 öz işini tamamlady.
GaffneyCline-yň ýolbaşçysy Türkmenistanyň deňiz böleginiň energetiki mümkinçilikleri barada aýtdy
25.04.25 - 09:37Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda (TEIF 2025) GaffneyCline TM Energy Advisory kompaniýasynyň sebit boýunça direktory Stiwen Trewers çykyş edip, Türkmenistanyň deňiz energetika pudagynyň durnukly ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin prezentasiýa bilen çykyş etdi.
Türkmenistan maýadarlary strategik taýdan möhüm energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrýar
25.04.25 - 10:58Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynda (TEIF 2025) “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy – Döwlet ministri Maksat Babaýew çykyş edip, ýurdumyzyň energetika pudagyndaky strategik ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Esasy ugurlaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käniniň täze tapgyrlarynyň özleşdirilmegi görkezildi.
TEIF 2025 forumyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň energetika toplumynda maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
25.04.25 - 10:302025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy TEIF 2025-niň ikinji güni geçirildi. Günüň birinji ýarymynda geçirilen umumy mejlis “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikler: nebit we nebit-himiýa” mowzugyna bagyşlandy.
Türkmenistan özüne çekiji maýa goýum şertlerini döredýär – BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary
23.04.25 - 17:342025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2025) BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
23.04.25 - 11:252025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
23.04.25 - 07:38Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
23.04.25 - 07:38Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.
TEIF 2025 halkara forumyna 42 döwletden 470 wekil gatnaşar
23.04.25 - 07:39Çarşenbe güni, 23-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy – TEIF 2025 öz işine başlaýar. Bu iri möçberli çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär. Forum «Turkmen Energy Forum» HJ-niň goldawynda geçirilýär.
Birža söwdalarynda Owganystandan gelen işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
22.04.25 - 11:49Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler
21.04.25 - 11:12Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.
Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler
21.04.25 - 11:1129-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.
TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar
21.04.25 - 11:13Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady
20.04.25 - 15:2118-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
18.04.25 - 07:4217-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.