Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
01.05.25 - 15:0030-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.
Arkadag şäherinde dekarbonizasiýanyň çäklerinde elektrik ulaglar işjeň ornaşdyrylýar
30.04.25 - 12:01Türkmenistanda ykdysadyýeti dekarbonizasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde ulag serişdeleriniň elektrifikasiýasy işjeň durmuşa geçirilýär. Bu barada "akylly" şäherde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynda belläp geçildi.
Türkmenistan YHG-nyň Ylmy gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär
30.04.25 - 12:0129-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasynyň prezidenti, professor Seýed Komail Taýebi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen YHG-nyň Ylym gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Prezident: Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar
29.04.25 - 12:00Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň wise-prezidenti bilen döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmek meselelerini maslahatlaşdy
29.04.25 - 12:0028-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
29.04.25 - 11:5928-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi diýip, TDH habar berdi.
Ýaş himikleriň bäsleşigi jemlenildi
29.04.25 - 04:20Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan «Zehinli ýaş himikler» atly bäsleşik jemlenildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.04.25 - 15:4227-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
28.04.25 - 15:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Türkmenistan Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly Eýrana zerur kömegi bermäge taýýar
28.04.25 - 15:4026-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar
26.04.25 - 08:00Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25.04.25 - 11:42Özbegistana dostlukly saparynyň çäklerinde 24-nji aprelde Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy 2050-nji ýyla çenli Türkmenistanda gaz çykarylyşynyň iki esse artmagyny çaklaýar
25.04.25 - 09:35Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Muhammet Hamel Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Malaýziýada geçirilen halkara forumda (TEIF 2025) eden çykyşynda dünýäde ikinji uly gaz ýatagynyň işjeň ösdürilmegi we turba geçirijileriň giňeldilmegi bilen, Türkmenistanyň gaz çykarylyşyny 2050-nji ýyla çenli iki esse ýokarlandyryp, ýylda 150 milliard kub metre çenli ýetirip biljekdigini belledi.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy
25.04.25 - 11:4324-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar
26.04.25 - 08:032025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.