Habarlar RSS
1681c3dfdca957.jpg
Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
08.05.25 - 12:17

5-7 maýda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


1681c738072e7e.webp
Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy
08.05.25 - 12:16

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy. Bu barada Azerbaýjanyň Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda aýdylýar. Hat metbugatda çap edildi.


1681b08e828a92.jpg
Gurbanguly Berdimuhamedow we Emmanuel Makron türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
07.05.25 - 19:57

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa resmi saparynyň çäklerinde Prezident Emmanuel Makron ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


1681b1992af0db.jpg
Türkmenistan fransuz işewürleri üçin amatly maýa goýum şertlerini hödürlemäge taýýar – Gurbanguly Berdimuhamedow
07.05.25 - 19:55

Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin amatly şertleri hödürlemäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.


1681a25842d120.jpg
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň diplomatlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini maslahatlaşdylar
07.05.25 - 06:11

6-njy maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


16818eadc025ad.jpg
Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär
06.05.25 - 04:42

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ)) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde


16818e285441c8.jpg
Nebitgazçylar özara güýç synanyşdylar
06.05.25 - 04:25

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi tarapyndan «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport bäsleşikleriniň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda sportuň 8 görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.


16818e1f3305c4.jpg
Möhüm meselelere garaldy
06.05.25 - 04:25

29-njy aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda nebitgaz serişdelerini öndürmegi artdyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň wajyp meseleleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


16818e1b407091.jpg
Okuw maslahaty geçirildi
06.05.25 - 04:15

Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy we howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň «Ýol kartasynyň» çäginde, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 22-23-i aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Metan zyňyndylaryna monitoringi we baha berşi amala aşyrmak babatynda resminamany işläp düzmek» atly okuw maslahaty geçirildi.


16818aa742bbf2.jpg
Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
05.05.25 - 15:56

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanyş guýularynyň birbada birnäçesini burawlamak, gurluşygy bilen doly tamamlap ulanyşa girizmek boýunça düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känlerindäki ulanyş-baha beriş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar täzelikde Ýylan gaz känindäki 03-nji ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymyny aldylar.


16818bf6c236c8.jpg
Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa bardy
05.05.25 - 13:40

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.


168188390308d7.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
05.05.25 - 11:38

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.


168186e8cc3169.webp
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
05.05.25 - 11:39

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Degişli resminama metbugatda çap edildi.


168146b1041350.jpg
Hökümet mejlisinde BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
03.05.25 - 05:25

1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.


168146b3f68450.jpg
Balkan welaýatynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy
03.05.25 - 05:27

2-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.