Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
05.05.25 - 15:56«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanyş guýularynyň birbada birnäçesini burawlamak, gurluşygy bilen doly tamamlap ulanyşa girizmek boýunça düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känlerindäki ulanyş-baha beriş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar täzelikde Ýylan gaz känindäki 03-nji ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymyny aldylar.
Möhüm meselelere garaldy
06.05.25 - 04:2529-njy aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda nebitgaz serişdelerini öndürmegi artdyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň wajyp meseleleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Nebitgazçylar özara güýç synanyşdylar
06.05.25 - 04:25Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi tarapyndan «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport bäsleşikleriniň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda sportuň 8 görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Türkmenistanda «ÝAŞYL ENERGIÝA — ÝAGTY GELJEK» bäsleşigi yglan edilýär
06.05.25 - 04:422025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni, "Nebit-gaz" gazetiniň redaksiýasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ)) GmbH we “Ussatnews” elektron gazetiniň redaksiýasy bilelikde
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
05.05.25 - 11:39Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
05.05.25 - 11:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Balkan welaýatynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy
03.05.25 - 05:272-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hökümet mejlisinde BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
03.05.25 - 05:251-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
01.05.25 - 15:0030-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, TDH habar berýär.
Arkadag şäherinde dekarbonizasiýanyň çäklerinde elektrik ulaglar işjeň ornaşdyrylýar
30.04.25 - 12:01Türkmenistanda ykdysadyýeti dekarbonizasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde ulag serişdeleriniň elektrifikasiýasy işjeň durmuşa geçirilýär. Bu barada "akylly" şäherde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumynda belläp geçildi.
Türkmenistan YHG-nyň Ylmy gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär
30.04.25 - 12:0129-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasynyň prezidenti, professor Seýed Komail Taýebi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen YHG-nyň Ylym gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Serdar Berdimuhamedow Eýranyň wise-prezidenti bilen döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmek meselelerini maslahatlaşdy
29.04.25 - 12:0028-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Meýilleşdiriş we býujet guramasynyň başlygy Seýed Hamid Purmohammadini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
29.04.25 - 11:5928-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi diýip, TDH habar berdi.
Prezident: Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar
29.04.25 - 12:00Türkmenistan Pakistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň meýilleşdiriş, ösüş we ýörite başlangyçlar boýunça federal ministri Ahsan Ikbal bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
28.04.25 - 15:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.