Türkmenistanyň paýtagtynda hususy pudagyň gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär
18.03.25 - 06:0817-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan serginiň dabaraly açylyşy boldy. Bu çäre TSTB, Söwda-senagat edarasy we «TMT Consulting Group» kompaniýanyň guramagynda geçirilip, ýurdumyzdaky hususy sektor gazananlaryny görkezmek we maýa goýumlary çekmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Hökümet mejlisinde hökümetara türkmen-ermeni toparynyň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy
16.03.25 - 15:0614-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Prezident Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady
16.03.25 - 15:05Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamasyny makullady diýip, TDH habar berýär.
Hyundai Engineering – TEIF 2025 Halkara forumynyň kümüş hyzmatdaşy
15.03.25 - 05:34Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa bolmak ugrunda TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy halkara hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança bolup durýar.
Türkmenistan ilatyň ýaşaýyş şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrýar
14.03.25 - 14:15Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Geçen ýyl guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) tarapyndan Türkmenistan 2025-2029-njy ýyllar aralygy üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýa saýlandy. Bu waka, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasy boldy.
Üstünlik güwänamasy Arkadag şäheriniň ekologik arassalygyny nobatdaky gezek tassyklady
14.03.25 - 07:2513-nji martda Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Prezidenti Ýewropa komissary bilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
14.03.25 - 09:4512-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
14.03.25 - 04:5512-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropa komissary bilen söwda, ulag, energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
13.03.25 - 08:5712-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
300-e golaý wekil Aşgabatda 18-nji martdaky Halkara maýa goýum forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
13.03.25 - 08:58Türkmenistanyň hususy pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça geçiriljek Halkara forumyna («Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT 2025) taýýarlyk işleri dowam edýär. Forum 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. 20-den gowrak ýurtdan 300-e golaý wekil foruma gatnaşjakdygyny eýýämden tassyklady.
HHR-iň kompaniýalaryna Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri tanyşdyryldy
13.03.25 - 08:58Pekinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Hytaýyň kärhanalary daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň bilelikde guramaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek boýunça maslahat” atly işewürlik forumy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
19-njy martda Aşgabatda halkara maslahatynda ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda sebit taslamalary maslahatlaşylar
11.03.25 - 15:2719-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygynyň orny” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 10-njy martda DIM-niň binasynda geçirilen brifingde aýtdy.
Birža söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümleri BAE, Türkiýä we Owganystana ýerlenildi
11.03.25 - 15:26Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% boldy
10.03.25 - 12:152025-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3%-e barabar boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji martda Hökümet mejlisinde belledi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda iki aýyň jemlerine garaldy
09.03.25 - 14:249-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.