Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
28.03.25 - 08:0127-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
28.03.25 - 08:0027-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Kallas Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
28.03.25 - 08:02Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
TEIF 2025 forumyna GECF-niň Baş sekretarynyň gatnaşmagy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim bolar
27.03.25 - 12:33Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna (TEIF 2025) taýýarlyk işleriniň ýokary depginde dowam edýär. Bu forum 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Turkmen Energy Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda geçiriljek foruma gatnaşjak wekilleriň sany gün-günden artýar.
Türkmenistanda energetikany durnukly ösdürmek üçin döwrebap maglumat-seljerme merkezi açyldy
27.03.25 - 12:3326-njy martda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda Maglumat-seljerme merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Merkez iň täze IT-enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, olar Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän hem-de Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan goldanylýan «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy gepleşikler we howa hereketleri» taslamasynyň çäklerinde satyn alyndy we GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi mynasybetli gutlady
26.03.25 - 14:13Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag iberdi.
Hytaýda kömürturşy gazyndan kislorod almagyň usuly işlenip düzüldi
26.03.25 - 14:13Hytaýyň Nankin uniwersitetiniň alymlary kömürturşy gazyndan kislorod alyp, bu ugurda öňegidişlik gazandylar. Gözlegiň netijeleri “Angewandte Chemie International Edition” (ACIE) ylmy žurnalynda çap edildi.
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmegi bilen gutlady
25.03.25 - 11:29“Eziz watandaşlar! Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji martda merkezi neşirlerde çap edilen gutlagynda aýdylýar.
Türkmenistan we ÝB durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
25.03.25 - 11:27«Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024 – 2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» taslamasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde bu ugurda alnyp barylýan tehniki işler, amaly meýilnamalar we synag taslamalar hödürlenildi hem-de tassyklandy diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berilýär.
Watanyň buýsançly zenanlary
25.03.25 - 04:10Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň işewürleri ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
24.03.25 - 07:35Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
24.03.25 - 07:3422-nji martda ýurdumyzda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz”, “Türkmennebit” DK-laryň gurluş düzümini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy
21.03.25 - 13:1420-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
21.03.25 - 13:13“Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna gutlagynda aýdylýar.
Gahryman Arkadagymyz we Türkiýäniň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler
21.03.25 - 11:1919-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri bellenilip geçildi diýip, TDH habar berýär.