Türkmenistanyň Prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
29.06.25 - 17:4827-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi
28.06.25 - 06:2827-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatyna we sergisine bellige almaklyk başlandy
27.06.25 - 13:50Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy açyldy. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Energiýa Forum” bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
27.06.25 - 05:40Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
26.06.25 - 10:3325-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşdylar
26.06.25 - 06:01Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
26.06.25 - 06:0325-nji iýunda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar
26.06.25 - 06:0224-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-niň wise-prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25.06.25 - 13:3123-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
25.06.25 - 13:3123-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde duşuşyk geçirdiler
23.06.25 - 12:50Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
24.06.25 - 04:10«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Birža söwdalarynda ýol bitumy, suwuklandyrylan gaz, polipropilen ýerlenildi
25.06.25 - 13:22Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.
Doktor Karolina Milow: «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk — umumy howanyň geljegine goşant»
23.06.25 - 05:26Durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň gatnaşýar. Bu ugurda geçirilýän işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin biz Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milowy redaksiýamyza myhmançylyga çagyrdyk.
Türkmenistanyň Prezidenti “Uzynada” nebitgaz ýatagyny özleşdirmegiň çärelerini makullady
21.06.25 - 10:0320-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.