2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler
17.11.20 - 15:31Energetika Hartiýasyna Şertnamany (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara gepleşikleriniň üçünji tapgyry tamamlandy, olar Brýusselde (Belgiýa) Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan wideokonferensiýalar görnüşinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, gepleşiklere EHŞ-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
20.11.20 - 10:01Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.
Işeňňir işde belli
17.11.20 - 15:18Şu günler her bir zähmet adamy, zähmetkeşler köpçüligi ýetip gelýän uly baýramy — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamagy, bu beýik senäni zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär.
OPEC+ geňeşi bazaryň indiki hereketlerini 1-nji dekabrda seljerer
20.11.20 - 10:02OPEC+ ylalaşygyna gatnaşýan ýurtlar 17-nji noýabrda OPEC+ ministrler gözegçilik geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça 2020-nji ýylyň IV çärýeginde bazarda isleg bilen teklibiň ýagdaýyny öwrenmekligi dowam etmegi hem-de 2021-nji ýylda dünýäniň nebit bazarynda öz indiki hereketlerini OPEC we OPEC däl döwletleriniň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda meýilleşdirilen ministrler maslahatynda seljermegi ylalaşdylar, diýip INTERFAKS RF-iň hökümetiniň metbugat beýanyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-inde Italiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
18.11.20 - 22:01Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýt habar berýär.
Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär
18.11.20 - 21:57Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisinde ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
OPEC+ Tehniki geňeşi ministrlere nebit çykarylyşyny artdyrmagy 3-6 aý yza çekmäge garamagy teklip etdi - HBS
18.11.20 - 21:59Sişenbe güni OPEC+ gözegçilik geňeşiniň ministrleri nebit bazarynyň geljegini we 2021-nji ýyldan başlap nebit çykarylyşyny günde 2 mln barrel artdyryp başlamak boýunça meýilleşdirilen çäreleri 3-6 aý yza süýşürmek mümkinçiligini maslahatlaşarlar, diýip Interfaks habar berýär.
Türkmen geologlary agyz suwunyň täze gözbaşlaryny açdylar
17.11.20 - 15:06Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
17.11.20 - 15:05Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde energetika boýunça halkara maslahaty geçiriler
15.11.20 - 21:40Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Baýramalyda durky täzelenen AÝGB açyldy
13.11.20 - 10:09Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, awtomobillere ýangyç guýujy №125 beket işläp başlady. Gysga wagtyň içinde ol dünýä ülöüleriniň ählisine laýykl gelýän döwrebap AÝGB öwrüldi.
Aşgabatda täze binalaryň toplumy açyldy
12.11.20 - 00:04Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagtynyň günbatar böleginde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly binalaryň iri toplumy açyldy.
Seýdiniň NGIZ: önümleri eksport etmäge tarap ugur
12.11.20 - 00:062020-nji ýylyň başyndan bäri Seýdiniň NGIZ 23 müň 840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta iberildi. Soňky ýyllarda bu önüm, zawodda öndürilýän ýol bitumy ýaly daşary ýurtly sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar.
Siziň üçin duşuşyk Amanmyrat ORAZGULYÝEW
10.11.20 - 11:24Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.
«Gara altyn» topary toýa taýýarlanýar
10.11.20 - 11:22Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda Diýarymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy ýakynlap gelýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hereket edýän «Gara altyn» tans, folklor we aýdym-saz toparynyň öňde boljak şanly baýramçylyga görýän taýýarlygy dogrusynda söhbet etmek üçin toparyň çeper ýolbaşçysy, ýokary okuw mekdebiniň geologiýa fakultetiniň uly mugallymy Amanmyrat ATAÝEW bilen söhbetdeş bolduk. Ol buýsanç bilen hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, şulary gürrüň berdi.