ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary üçin täze energetika maksatnamasyny ýola goýýar
27.02.21 - 19:29ABŞ-nyň Hökümeti penşenbe güni Halkara ösüş agentliginiň (USAID) üsti bilen «USAID Merkezi Aziýanyň energetikasy» täze bäş ýyllyk energetika maksatnamasyny işe girizdi, diýip Interfaks-Gazagystan ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçylary ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
26.02.21 - 16:15Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri üç ýurduň daşary işler ministrleriniň çarşenbe güni Ankarada geçiren duşuşygynyň gün tertibiniň esasyny düzdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkiýe, Azerbaýjan we Türkmenistan sammiti 2021-nji ýylda geçiriler
26.02.21 - 16:16Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan üç ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek sammitiň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýär, diýip Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu azerbaýjan hem-de türkmen kärdeşleri Jeýhun Baýramow we Raşid Merdow bilen 24-nji fewralda Ankarada geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça žurnalistlere aýtdy. Bu barada Interfaks Azerbaýjan habar berýär.
Ýagşygeldi Kakaýewiň ýadygärligi ebedileşdirildi
25.02.21 - 10:24Mukaddes garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan eziz Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerinde, ýaşlary ata-babalarymyzyň milli däplerine laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar.
Azerbaýjanyň Mejlisi Hazardaky «Dostluk» ýatagyny özleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Ähtnamany tassyklady
25.02.21 - 17:06Azerbaýjanyň Milli mejlisi (Parlament) 23-nji fewralda plenar mejlisinde «Dostluk» ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany tassyklady, diýip Interfaks – Azerbaýjan habar berýär.
Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ankarada birnäçe duşuşyklary geçirdi
25.02.21 - 17:07Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy bilen, 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine gulluk iş sapary bilen ugradylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkiýe Türkmenistandan gaz ibermelerini we Ýewropa üstaşyr geçirmeleri üpjün etmegi wada edýär
25.02.21 - 17:08Ankara türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegini we öz çäginiň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek üçin tagallalary etmäge taýýar. Bu barada sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu aýtdy, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.
«Dostluk» ýatagy dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.02.21 - 11:51Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan Hazar sebitiniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek meselesi ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar — dünýä energetikasynyň möhüm merkezi
23.02.21 - 11:53Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanandyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri jemlenildi
23.02.21 - 11:56Şu ýylyň fewral aýynda wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi.
«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasy girdejililigini artdyrýar
24.02.21 - 11:12«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasynyň 2020-nji ýyldaky girdejisi 11,4 mln manada barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 149% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň DIM-inde Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
24.02.21 - 11:1422-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy
22.02.21 - 17:45Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 19-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylary Ankarada gepleşikleri geçirer
22.02.21 - 17:46Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.02.21 - 16:30Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.