Gurbanguly Berdimuhamedow: Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 8,4 esse artdy
07.06.21 - 10:57Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginde belledi.
Türkmenistanyň Baştutany GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtdy
07.06.21 - 11:01Dünýädäki üýtgäp durýan ýagdaýlar GDA-dan öz wagtynda we deň derejede laýyk jogaby, özara hereketlere täze ugurlary girizmegi talap edýär diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginde GDA-nyň çäklerinde Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi barada berlen sowala beren jogabynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanyldy
07.06.21 - 11:02“Mir” döwletara teleradiokompaniýasy, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işine berýän goldawy, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň döşe dakylýan altyn nyşany bilen sylaglanyldy. Bu ýokary sylag meşhur teleradiokompaniýanyň žurnalisti bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza gowşuryldy.
Gazlift enjamlary «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär
01.06.21 - 23:01«Türkmennebit» DK-nyň gazýygnaýjy müdirliginiň «Goturdepe», «Hazar» we «Barsagelmez» gazkompressor desgalarynda işler ýokary depginlerde alnyp barylýar.
Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
01.06.21 - 23:05Duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Ýylyň başyndan bäri Goturdepe ýatagynda 85 sany guýy abatlanyldy
01.06.21 - 23:06«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» ýatagyndaky guýulary düýpli abatlamak boýunça kärhanasynda öndürijiligi peselen nebit guýularyny abatlamak we olary hereket edýän guýularyň hataryna goşmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
01.06.21 - 23:04Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
ABŞ Merkezi Aziýada 39 million dollarlyk býujetli täze energetika maksatnamasyny işe girizdi
07.06.21 - 10:38Halkara ösüş boýunça ABŞ-nyň agentligi (USAID) Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministrligi bilen bilelikde Täjigistanda «USAID – Merkezi Aziýanyň energetikasy» atly 39 million dollarlyk býujetli täze bäşýyllyk energetika sebit maksatnamasyny işe girizdi diýip, ABŞ-nyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär.
Energetika ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy
07.06.21 - 10:44Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçiren duşuşygynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistana wise-premýer G.Müşşikow wekilçilik eder
31.05.21 - 09:21Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Türkmenistanyň we Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleri bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
31.05.21 - 09:22Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda geçirilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşykda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Nebitdag» BIM: ýylyň başyndan bäri 9772 metrlik buraw işleri ýerine ýetirildi
31.05.21 - 09:19«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawçylary «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda şu ýylyň geçen döwrüni ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemlediler.
2030-njy ýyllaryň başyna dünýä bazarynda nebitiň bahalary aşaklap başlar — bilermenler
31.05.21 - 09:202030-njy ýyllaryň başynda dünýä bazaryndaky nebite bolan isleg peselip başlar, bu bolsa býujetiň nebit girdejileriniň azalmagyny aňladýar. Bu barada RF-niň Hasap palatasynyň ýolbaşçysy A.Kudrin aýtdy diýip, neftegaz.ru habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň forumynda pes uglerodly energetikany we wodorod ýangyjyny ösdürmek başlangyjy bilen çykyş etdi
28.05.21 - 11:07Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onlaýn görnüşde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň geçiren «Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy «tegelek stoluň» başyndaky maslahatynda eden çykyşynda pes uglerodly energetikany we wodorod ýangyjyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny beýan etdi.
Ýanwar-aprel aýlarynda SNGIZ-de 158,4 müň tonna nebit önümleri öndürildi
28.05.21 - 11:08Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda işleriň netijeleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.