Ilatly ýerler gazlaşdyrylýar
26.08.20 - 15:44«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem ilatly ýerleri gazlaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Hem gazçy, hem şahyr
26.08.20 - 15:44Nazly Tuwakgylyjow 1938-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Çaloýuk obasynda eneden dogulýar. Balkanabat şäherindäki orta mekdepde bilim alýar. Şol ýerdäki nebitçilik orta hünär okuw mekdebini tamamlap, şäherdäki gaz hojalyk edarasynda slesar, ussa, bölüm başlygy wezipelerinde işleýär. Işlän ýyllarynda göreldeli zähmeti üçin Hormat hatlaryna mynasyp bolýar. Nazly şäheriň gaz hojalyk edarasynda işlän 28 ýylynyň içinde ençeme şägirtleri ýetişdirdi.
«Bagtyýarlyk» — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň mesgeni
26.08.20 - 16:53Merkezi Aziýa — Hytaý gazgeçirijisiniň ulanmaga berlen wagtyndan bäri Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazyň 316 milliard kubmetri akdyryldy. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bu barada habar bermek bilen, transmilli ulgamyň eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri işleýändigini, 500 milliondan gowrak adama peýda getirýändigini belleýärler.
Žurnalyň nobatdaky sany neşir edildi
26.08.20 - 15:44«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykyp, öz okyjylaryna gowuşdy.
TOPH taslamasyna bagyşlanyldy
26.08.20 - 15:44Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşyjy döwletleriň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata türkmen tarapyndan Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow we beýleki degişli ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Täjibaýda täze guýy önüm berdi
26.08.20 - 15:42Her gije-gündizde 400 müň kubmetre golaý tebigy gaz! Täjibaý gaz käninden «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň Işan Mämmetgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň agzalarynyň burawlan ulanyş guýusy, ine, şonça önüm berdi. Bu hoş habar şanly baýramyň — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda ýaýbaňlandyrylýan baýramçylyk dabaralarynyň toý şatlygynyň üstüni ýetirdi.
Nebit pudagynyň ösüş depgini
26.08.20 - 16:50Türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebit pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan ugur alyp, ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek maksady bilen, senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, täze önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak,
Möwsüme taýýarlyk ýaýbaňlanýar
26.08.20 - 16:41«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň etrap hem-de şäher gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary sarp edijileri ýylyň bütin dowamynda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar häzir «mawy ýangyjyň» köp sarp edilýän döwri bolan güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerini giň gerimde alyp barýarlar.
Baýlyk agtaryjylaryň göreldesi
26.08.20 - 16:32— Ata Watanymyzyň gülläp ösmegini gazanmak, Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, ahyrky netijede bolsa, ilatyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň özenini düzýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe ekspedisiýamyzyň agzybir we başarjaň işgärleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar hem-de gowy iş görkezijilerini gazanýarlar. Oňa üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda gazanylan önümçilik görkezijilerimiz hem aýdyň subutnama bolup biler.
Abatlaýjylaryň ýokary önümçilik görkezijileri
26.08.20 - 16:24Uglewodorod çig malyna baý ýataklardan alynýan «gara altynyň», «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň baş wezipesidir. Bu möhüm wezipe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Onda tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek anyk kesgitlenilýär.
Suwçularyň tagallalary ýerine düşýär
26.08.20 - 16:22Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhas bilen amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerinden barha rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümi bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallasy bilen kanagatlandyrylýar.
Maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
26.08.20 - 16:432020-nji ýylyň 8-nji iýulynda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň «Somo Al Mamlakah» kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk guraldy.
Ýurdumyzda nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanylýar
26.08.20 - 16:42Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli düzümi döretmegiň hasabyna energetika ulgamynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileriň ykdysady taýdan amatly, ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerine giň elýeterliligini üpjün etmek üçin Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny ýakynlaşdyrmak pikirini yzygiderli öňe sürýär.
Talyp ýaşlaryň önümçilik tejribelikleri
26.08.20 - 16:52Häzirki döwürde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy hem-de halk hojalygymyzyň beýleki pudaklary üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.
Gumdagly nebitçileriň batly gadamlary
26.08.20 - 16:44«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler özüniň juda netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu baýry, şol bir wagtyň özünde-de, düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Türkmen topragynyň genji-käni bolan «gara altynly» ýataklary gözläp tapmak we olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýylda başlandy.