Täze tehnikalar — üstünligiň gözbaşy
26.08.25 - 09:20«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirligine gelip gowşan onlarça köpugurly we kuwwatly desgalar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda dürli düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.
Energiýanyň täze görnüşleri we ony almagyň usuly
26.08.25 - 09:10Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar.
«Ýaşyl» energetika aýdyň geljegi üpjün eder
26.08.25 - 09:05Türkmenistan dünýäniň uly energetika kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hatarynda uglewodorod çig malyndan önümleriň dürli görnüşlerini almak we energetika pudagyna maýa goýumlary çekmek bu ugurda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Şeýle aýdyň wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen ýangyç-energetika toplumy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Energetika we ulag Awazadaky üçtaraplaýyn sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi
23.08.25 - 20:2022-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Liderlerine sowgatlar gowşuryldy
23.08.25 - 20:1922-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygy tassykladylar
22.08.25 - 21:2922-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Özbegistanyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi
22.08.25 - 21:2322-nji awgustda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sapar bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde wise-premýer N.Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berdi.
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi
22.08.25 - 21:2422-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berdi.
Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti köpugurly hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy
22.08.25 - 21:2922-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
22.08.25 - 21:3022-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 19-njy sentýabrda geçirmek bellenildi
22.08.25 - 10:26Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Degişli Karar 20-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan kabul edildi.
Türkmenistan we ABŞ ikitaraplaýyn we «С5+1» sebit platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär - DIM
22.08.25 - 10:2820-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy
22.08.25 - 10:2720-nji awgustda Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde Plastex Uzbekistan halkara sergisine gatnaşarlar
22.08.25 - 10:2523-25-nji sentýabr aralygynda Daşkentde türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Plastex Uzbekistan 15-nji halkara sergisi geçiriler diýip, ORIENT ýazýar.
Global media hyzmatdaşlar OGT-2025-iň giňden şöhlelendirilmegini üpjün ederler
22.08.25 - 10:3122-24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2025 halkara maslahaty we sergisi öňdebaryjy neşirler bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde halkara habarlar giňişliginde giňden beýan ediler diýip, çäreleriň guramaçylary habar berýärler.