«Türkmennebit» DK «KING EASE LIMITED» (HHR) kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar
30.08.22 - 09:22“Türkmennebit” döwlet konsernine 2309 tonna dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “KING EASE LIMITED” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Brent nebitiniň bahasy ýene-de 100 dollardan geçdi
27.08.22 - 09:18Deslapky gün aşaklamadan soň, anna güni irden nebitiň bahalary ýene-de ýokarlanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3300 dollardan geçdi
27.08.22 - 09:20Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam işjeň ösüşini dowam etdi. Ýewropa söwda sessiýasynyň ahyrynda bahalaryň ýokary göterilmegi aziýa bazarynda kotirowkalaryň ýokarlanmagynyň täsiriniň netijesi bolup durýar diýip, Interfaks habar berýär.
Balkan welaýatynda uglewodorodlaryň önümçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär
25.08.22 - 19:58Türkmenistanyň esasy nebitgaz toplumy bolan Balkan welaýatynda 2025-nji ýyla çenli tebigy gazyň çykarylyşyny ýylda 11 mlrd kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady howplardan goranmak boýunça Agentligiň Ykdysady howplary analiz etmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Hangeldi Gurbangeldiýew türkmen metbugatyna beren teswirinde belledi.
Birža söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň we awiakerosiniň eksporty boýunça geleşikler baglaşyldy
24.08.22 - 19:3422-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 5,4 mln dollaryna barabar bolan 12 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
«Türkmennebit» DK: ýanwar-iýul aýlary boýunça üstünlikli netijeler gazanyldy
23.08.22 - 21:512022-nji ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilen guýulardan 2 mln 123 müň tonna «gara altyn» we 2 mlrd 613 kub metr «mawy ýangyç» alyndy. Şol bir wagtda bellenilen döwür üçin önümçilik meýilnamasy degişlilikde 101,1% we 115,3% ýerine ýetirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistan energetika ulgamynda başlangyçlar bilen çykyş eder
23.08.22 - 21:52Birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda öz işine başlajak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistan birnäçe başlagyçlary, şol sanda energetika ulgmamynda başlangyçlary öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Birža söwdalarynda ýangyjyň dürli görnüşleri we polietilen ýerlenildi
22.08.22 - 16:57Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.
Neon senagaty Türkmenistana uly girdejileri getirip biler — bilermen
22.08.22 - 17:46Belli türkmen alymy, bilermen we tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow Türkmenistanda neonyň himiýa substansiýasynyň önümçilik mümkinçiligini geljegi uly taslama hasaplaýar. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.
TNGIZT-de hapalaýjy jisimlere awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamy oturdylar
19.08.22 - 16:55Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hapalaýjy jisimleriň atmosfera düşmegine gözegçilik edýän we hasaba alýan awtomatlaşdyrylanulgamy oturtmagy meýilleşdirýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
19.08.22 - 09:03«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Bilermen: Ýewropanyň senagaty gazyň şuwagtky bahalaryna eýgermez
19.08.22 - 09:04«Gazpromda» hasaplamaklaryna görä, geljek gyşda gazyň bahalary Ýewropada müň kub metri üçin dört müň dollara ýetip biler. Kompaniýanyň telegram-kanalynda ýerleşdirilen çaklamada bellenilişi ýaly, «Ýewropanyň sport biržalarynda gazyň bahalary 2 müň 500 dollardan geçdi. Konserwatiw bahalandyrmalara görä, eger-de tendensiýa saklanda gyşda bahalar müň kub metrine 4 müň dollardan geçer».
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
17.08.22 - 17:02Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
17.08.22 - 17:02Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.