«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
05.09.22 - 23:47«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tatarystan nebitgaz forumyna gatnaşdy
05.09.22 - 23:49«Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde 31-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda Tatarystan nebitgazhimiýa forumy – 2022 geçirildi. Oňa iki müňden gowrak wekil gatnaşdy. Türkmenistandan foruma «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygynyň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7 orna çykdy
05.09.22 - 23:50Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
02.09.22 - 22:36«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
02.09.22 - 22:38Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
03.09.22 - 08:00Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
OPEC+ 2022-nji ýylda bazarda nebitiň artykmaçlyk çaklamasyny aşaklatdy — HBS
01.09.22 - 18:03OPEC+ tehniki monitoring komiteti şu ýylyň netijeleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçlyk çaklamasyny öňki 900 müňden günde 400 müň barrele çenli aşaklatdy diýip, Reýter agentligi guramadaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Dünýäde gaza bolan isleg 40 mlrd kub metre çenli azaldy — «Gazpromyň» ýolbaşçysy
01.09.22 - 18:04Dünýäde gaza bolan isleg şu ýylyň 8 aýynda 40 mlrd kub metre çenli azaldy. Şonuň 30 mlrd-a golaýy ÝB ýurtlarynyň paýyna düşdi, bu dünýä boýunça islegiň peselmeginiň 73%-ine deň boldy diýip, «Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi diýip, Ria Nowosti ýetirýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
01.09.22 - 18:44Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara resmi saparynyň guramaçylygyny maslahatlaşdy
31.08.22 - 19:26Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we karbamid eksport edildi
31.08.22 - 19:27Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 18,1 mln amerikan dollaryna we 416,4 müň türkmen manadyna barabar bolan 7 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara awiakerosin we suwuklandyrylan gaz satyldy
30.08.22 - 10:09Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
30.08.22 - 18:52Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
30.08.22 - 09:16Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
«Türkmengeologiýa» DK 3D modelirleme üçin enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär
30.08.22 - 09:17«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almagy meýilleşdirýär.