Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler
15.12.22 - 18:27Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni «Awazada» geçirilen «Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe» döwlet Baştutanlarynyň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
«Awazada» üçtaraplaýyn Sammitiň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi
14.12.22 - 18:46Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, çarşenbe güni TDH habar berýär.
«Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Birinji üçtaraplaýyn Sammiti başlandy
14.12.22 - 18:47Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammit öz işine başlady. Onuň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylýar diýip, TDH habar berýär.
Azerbaýjanyň Prezidenti nebitgaz we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda Türkmenistanyň teklibini goldady
14.12.22 - 18:48Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygy baradaky türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady diýip, TDH habar berdi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar
14.12.22 - 18:49Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
14.12.22 - 09:29Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistan — dizel ýangyjynyň iň arzan bahaly ýurtlarynyň hatarynda
13.12.22 - 17:11Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasy — dünýäde iň arzanlarynyň biri. Muňa GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan düzülen dünýä boýunça dizel ýangyjynyň bahalarynyň reýtingi şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
13.12.22 - 17:12Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
13.12.22 - 17:13Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
09.12.22 - 23:07Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistan we Azerbaýjan ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler
09.12.22 - 23:13Türkmenistan we Azerbaýjan halkara bazarlaryna, hususan-da, ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler.
GaffneyCline kompaniýasy ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär
08.12.22 - 17:35GaffneyCline britan konsalting kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda işini mundan beýläk-de giňeltmek mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada Trend agentligi kompaniýanyň taslamalar boýunça direktory Drýu Pauelle salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
08.12.22 - 17:36Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
08.12.22 - 17:52Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Bakuda Türkmenistanyň wise-premýeri ýakynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini maslahatlaşdy
07.12.22 - 16:395-nji dekabrda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Bakuda şu hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammitiniň gün tertibini, şele hem üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşygyny maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.