GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
08.12.22 - 17:52Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Bakuda Türkmenistanyň wise-premýeri ýakynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini maslahatlaşdy
07.12.22 - 16:395-nji dekabrda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Bakuda şu hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammitiniň gün tertibini, şele hem üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşygyny maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger bölegindäki gaz geçiriji ulanyşa girizildi
07.12.22 - 16:41Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger böleginde uzynlygy 125 kilometr bolan gaz geçiriji ulanyşa girizildi. Onuň gurluşygyny bir ýylyň dowamynda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň bäşinji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler diýip, «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit»DK-nyň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynda satyldy
06.12.22 - 18:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewürleri bilen söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
06.12.22 - 18:38Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ABŞ-nyň işewürler wekiliýetini kabul etdi.
Türkmen-amerikan işewürler forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
06.12.22 - 18:39Duşenbe güni Söwda-senagat edarasynda açylan türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda söwda we maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti 13-14-nji dekabrda «Awazada» geçiriler
05.12.22 - 15:11Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 13-14-nji dekabrda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni «Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrýan» resminama gol çekdi.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin çäreler görülýär
05.12.22 - 15:12Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň wekiliýeti bilen duşuşykda ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
02.12.22 - 19:06Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, suw we ekologiýa pudagynda özara gatnaşyklar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Owganystanyň Häkimiýeti TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri geçirip başlamagyň zerurlygyny beýan etdi
02.12.22 - 19:07Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny başlamak zerurlygy barada Talibanlaryň hökümetinde dag senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Şahabuddin Delawar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýeine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşykda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministri bilen energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
01.12.22 - 19:38Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurmak meýilleşdirilýär
30.11.22 - 20:25Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirdi.
Bakuda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy
30.11.22 - 16:00Bakuda türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygynda hem-de Ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Bilelikdäki toparyň mejlisiniň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, azerbaýjan habar beriş serişdeleri habar berýär.
Ankarada Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üstaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
30.11.22 - 16:03Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 28-nji noýabrda Ankarada geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Awazada geçirilmegi göz öňünde tutulan Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn dyşuşygyna görülýän taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebit önümleri — geçen hepdäniň birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy
29.11.22 - 17:43Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.