Argus Türkmenistanyň kompaniýalaryny Dubaýda geçiriljek nebit önümleri boýunça maslahata çagyrýar
15.02.23 - 16:01Argus halkara baha beriş agentligi 16-17-nji martda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) «Argus nebit önümleri bazary 2023. Hazar we Merkezi Aziýa» atly Halkara maslahatyna çagyrýar.
Polipropilen we ECO-93 benzini birža söwdalarynda uly islegden peýdalandy
15.02.23 - 16:02Duşenbe güni, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 94,1 mln amerikan dollaryna barabar bolan 8 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin 37,4 mlrd manat möçberde maýa goýum maksatnamasy tassyklanyldy
14.02.23 - 22:23Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasyny tassyklady, resminama laýyklykda, onuň möçberi 37,4 mlrd manada deň. Degişli resminama ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde neşir edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady
14.02.23 - 22:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama geçen anna güni gol çekdi.
2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2%-e deň boldy
14.02.23 - 22:212022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-e barabar boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda TNGIZT-niň we «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
14.02.23 - 22:22Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy.
BAE-niň kompaniýalary Türkmenistanda «Galkynyş» känini özleşdirmek we beýleki taslamalara gatnaşar
13.02.23 - 16:31Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar. Bu «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamada göz öňüne tutulýar.
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumy boýunça täze wise-premýer bellenildi
13.02.23 - 16:32Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni 2022-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň 2022-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi
13.02.23 - 16:33Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa we GDA döwletlerinde iň arzan benzin babatda liderligini saklaýar
10.02.23 - 17:07Merkezi Aziýa sebitinde we GDA giňişliginde iň arzan benzin — Türkmenistanda. Bu netije GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan 30-njy ýanwarda düzülen awtomobil ýangyjynyň bahalarynyň dünýä reýtinginde tassyklanylýar.
Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýar — HBS
10.02.23 - 17:08Pakistan, Hindistan bilen, ýa-da onsuz hem bolsa, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge başlamaga taýýarlygyny mälim etdi, çünki Owganystan bu taslama üçin ýörite güýçleri toplamaga taýýar. Bu barada ýurduň nebit we tebigy serişdeler ministri Musadik Malik ýakynda Saud Arabystanyna sapary wagtynda aýtdy diýip, Pakistanyň gündelik maliýe gazeti bolan Business Recorder ýazýar.
Irki känlerde täze tehnologiýalar
10.02.23 - 20:252023-nji ýylda Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşen «Gumdag» käni senagat taýdan özleşdirilmeginiň 75-nji ýylyny doldurdy. Nebitiň ilkinji senagat akymy №1 guýudan 1947-nji ýylda alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkiýede betbagtçylyga uçranlaryň arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar, döwletimiz olara goldaw bermäge taýýar
09.02.23 - 16:52Türkiýede bolup geçen elhenç ýer titreme şol wagt bu ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hem başyna ýetdi. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna baryp görmeginiň barşynda aýtdy.
Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegini iberdi
09.02.23 - 16:50Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýer titremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr.
Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň harytlary ýerlenildi
09.02.23 - 16:51Sişenbe güni, 7-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 38,4 mln dollaryna we 26 mln manada deň bolan 50 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.