Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
20.07.23 - 14:42Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
20.07.23 - 14:43Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara sammite gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna bardy
19.07.23 - 13:48Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady.
Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň ýakynda geçiriljek mejlisiniň gün tertibiniň esasy ugurlaryny aýtdy
19.07.23 - 13:47Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi
19.07.23 - 13:46Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek hakynda karara gol çekdi.
Azerbaýjan Türkmenistandan tebigy gazyň satyn alnyşyny artdyrdy
18.07.23 - 13:14Azerbaýjan 2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda türkmen tebigy gazynyň satyn alnyşyny 298,87 million kub metre çenli artdyrdy diýip, Trend habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» DK-nyň önümleri ýerlenildi
18.07.23 - 13:13Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Nebitgaz toplumynda alty aýyň jemlerine garaldy
17.07.23 - 11:3815-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda nebitgaz toplumynyň birinji ýarym ýylda işiniň jemleri jemlenildi
17.07.23 - 15:09Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.
Serdar Berdimuhamedow: geçen alty aýda ýurduň ykdysadyýetinde oňyn netijeler gazanyldy
17.07.23 - 15:08Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda edilen işleriň netijelerine oňyn baha berdi we ýylyň ahyryna çenli ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.
Ýarym ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
17.07.23 - 15:07Durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde 2023-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde artdy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.
HEA 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasyny peseltdi
14.07.23 - 13:14Halkara energetika agentligi (HEA) 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde şu ýylda nebite bolan islegiň çaklamasyny günde 170 müň barrele çenli aşaklatdy. Bu agentligiň hasabatyndan görünýär.
Hytaý maý aýynda tebigy gazyň rekord derejesini import etdi
14.07.23 - 13:142023-nji ýylyň maý aýynda Hytaý suwuklandyrylan tebigy gazy we turba geçiriji ibermelerini hasaba alanyňda 13,51 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu görkeziji maý aýy üçin taryhy rekord bolup durýar.
Ilkinji hyzmatdaşlar we çykyş etjekler «OGT Türkmenistan -2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjakdygyny tassykladylar
13.07.23 - 12:49Yug-Neftegaz kompaniýasy 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriljek OGT-2023 Halkara sergisinde we maslahatynda kümüş hyzmatdaşlygyny tassyklady. Bu barada çäräniň Guramaçylyk komiteti mälim edýär.
Wodorod energetikasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
12.07.23 - 11:20Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisinde Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.